2019-njy ýylyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň birnäçe edaralary halkara derejesinde geçirilen sergilere gatnaşdylar. Täze ýylyň ilkinji iri sergileri Germaniýanyň hem-de Awstriýanyň şäherlerinde geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 8-11-nji ýanwar aralygynda Germaniýanyň Maýn derýasynyň boýundaky Frankfurt şäherinde
“Heimtextil 2019” atly dokma önümleriniň sergisi, 10–13-nji ýanwar aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde her ýylda geçirilýän “Ferien-Messe Wien” atly syýahatçylyk sergisi hem-de 11-14-nji ýanwar aralygynda bolsa, Germaniýanyň Gannower şäherinde “DOMOTEX-2019” haly önümleriniň we pol örtükleriniň sergisi geçirildi. Frankfurtdaky halkara dokma önümleriniň sergisine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we Söwda-senagat edarasynyň wekilçilikli topary gatnaşdy, şeýle hem bu ýerde Türkmenistanda öndürilýän dokma önümleriniň sergisi guraldy.
Awstriýanyň Wena şäherindäki syýahatçylyk sergisine Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşyp, onuň myhmanlaryna Türkmenistanyň diwarlygy arkaly ýurdumyzyň dürli ekspozisiýalary, Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary, ÝUNESKO-nyň maddy däl gymmatlyklarynyň sanawyna girizilen gadymy ýadygärlikleriň suratlary, şeýle hem türkmen halkynyň medeniýeti barada eksponatlar we maglumatlar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem sergide Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, tebigy gözel ýerleriniň şekilleri we ýurduň ösüşini beýan edýän wideo-rolikler hem-de syýahatçylyk ulgamynyň ösüşi baradaky neşirler görkezildi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ösüşi baradaky maglumatlar sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekdi.
Haly önümleriniň we pol örtükleriniň 31-nji ýöriteleşdirilen halkara “DOMOTEX-2019” sergisine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Bu sergi 1989-njy ýyldan bäri her ýylda geçirilýär we dünýäde halylaryň, parketleriň hem-de beýleki pol örtükleriniň halkara sergileriniň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär.
“CREATE’N’CONNECT” (döret we birleş) serginiň baş şygary boldy. Sergide dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan 1400-e golaý gurama özleriniň önümlerini we bu ugurdaky iň soňky innowasiýalaryny görkezdiler. Sergä dünýäniň 90-dan gowrak ýurdundan 45000-e golaý myhman gatnaşdy. Biziň ýurdumyzyň dokma pudagynyň wekilleri hem bu sergä işjeň gatnaşyp, olar sergide Türkmenistanda öndürilýän haly önümleriniň sergisini guradylar. Türkmenistanyň diwarlygy aýratyn gyzyklanma döredýän ýerleriň biri bolup, üç günüň dowamynda bu ýere serginiň köp sanly myhmanlary geldiler we olar üçin elde dokalan ajaýyp türkmen haly önümleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Serginiň çäklerinde türkmen wekiliýeti gyzyklanma bildirýän kompaniýalar we işewürler bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler, olaryň barşynda Türkmenistanda öndürilýän haly önümleriniň halkara bazarlaryna çykarylmagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Oguljan AKMYRADOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.