Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasy işlenip düzüldi. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan 2019-njy ýyldan başlap, 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny amala aşyrmaga girişildi. Bu resminama 7 bölümi öz içine alyp, olarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamy, konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary we gurallary, garaşylýan netijeler öz beýanyny tapdy. Konsepsiýany üç tapgyrda (Olaryň birinjisini – 2019-njy ýylda, ikinjisini – 2020 – 2023-nji ýyllarda, üçünjisini – 2024 – 2025-nji ýyllarda) durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Konsepsiýany işläp taýýarlamaga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Tehnologiýalar merkezi gatnaşdy, ol ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini yzygiderli kämilleşdirmek üçin döredildi.
Konsepsiýanyň möhüm bölümleriniň hatarynda sanly ykdysadyýetiň binýatlyk esaslaryny – Internet-üpjünçilik ulgamlaryny berkitmek bar. Türkmenistan telelukmançylygyny, kompýuter hem-de telekommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, belli bir aralykdan maslahatlary we bilimleri bermek boýunça goşmaça elektron hyzmatlaryny hödürlemegiň hasabyna sanly düzümi ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir.
Internetden islendik maglumaty almak mümkinçiligi türkmenistanlylaryň gündelik durmuşyna we işine oňyn täsirini ýetirer. Ýurdumyzy sanly ulgama geçirmek boýunça ýakyn üç ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan iri taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Sarp edijilere ýokary derejede telekommunikasiýa hyzmatlaryny hödürlemek, maglumatlary getirmegiň tizligini artdyrmak üçin paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda optiki-süýümli kabelleri çekmek göz öňünde tutuldy. Bu taslama pudagara maglumatlaryň alşylmagyny gowulandyrmaga, elektron hyzmatlarynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Häzir Aşgabat şäheri boýunça maglumatlary bermegiň tizligi ortaça sekuntda 20 Gigabite barabardyr. Ýakyn geljekde ony bäş esse – 100 Gbit/s çenli artdyrmak meýilleşdirildi, welaýat merkezlerinde bu görkeziji 40 Gbit/s golaý bolar, etrap merkezlerinde 10 Gbit/s, etrap merkezleriniň hem-de daýhan birleşikleriniň arasynda 4 Gbit/s çenli bolar.
Ilatyň artýan isleglerini nazara almak bilen, “Altyn asyr” milli operatory olary öýjükli aragatnaşygyň esasy görnüşleri, şol sanda 3G, 4G, ýakyn geljekde bolsa 5G bilen doly üpjün etmegi meýilleşdirýär. Taslamanyň amala aşyrylmagy bilen, ýurdumyz boýunça aragatnaşyk örtügi 100 göterime deň bolar.