Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gin­de ýur­du­my­zyň bir­nä­çe döw­let eda­ra­la­ry bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ilat gaz­na­sy­nyň (ÝUNF­PA) ara­syn­da bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Bu ýer­de ge­çi­ri­len çä­rä Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň, Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň we ÝUNF­PA-nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Da­ba­ra­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir 2016 – 2020-nji ýyl­lar üçin Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň we ÝUNF­PA-nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ýur­du­myz bi­len BMG-niň Ilat gaz­na­sy Ýurt bo­ýun­ça dör­dün­ji He­re­ket­ler mak­sat­na­ma­sy­ny ama­la aşyr­ýar hem-de bu mak­sat­na­ma hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yg­lan eden döw­le­ti­mi­ziň ösü­şi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti we ÝUNF­PA bi­len bi­le­lik­de ma­li­ýe­leş­di­ril­ýän bu mak­sat­na­ma ila­tyň ösü­şi we ola­ryň dur­nuk­ly ösüş bi­len bag­la­ny­şyk­ly anyk mag­lu­mat­la­ryň sel­jer­me­le­ri­ni ut­gaş­dyr­mak ar­ka­ly öza­ra gat­na­şyk­lar­da ozal ga­za­ny­lan ne­ti­je­le­re esas­lan­ýar. Iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan iş me­ýil­na­ma­la­ry bäş ýyl­lyk möh­let bi­len ma­li­ýe­leş­di­ril­ýän ýurt bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rü­ler we 2019-njy ýyl üçin iş­le­riň hem-de çä­re­le­riň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­lär. Du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň hem-de ÝUNF­PA-nyň ara­syn­da “Rep­ro­duk­tiw sag­ly­gy ul­ga­myn­da bi­rik­di­ri­lip be­ril­ýän hyz­mat­la­ryň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak” we “Dur­nuk­ly mil­li ösüş üçin de­zag­re­gir­le­nen mag­lu­mat­lar” tas­la­ma­la­ry­nyň iş me­ýil­na­ma­la­ry­na; Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi bi­len ÝUNF­PA-nyň ara­syn­da “Rep­ro­duk­tiw sag­lyk ba­ra­da­ky bi­lim­le­riň ýaş­lar üçin el­ýe­ter­li bol­ma­gy­ny go­wu­lan­dyr­mak” tas­la­ma­sy­na gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Şeý­le hem du­şu­şyk­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy bi­len ÝUNF­PA-nyň ara­syn­da “Mil­li stra­te­gi­ýa­ny we dur­nuk­ly ösüş me­ýil­na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak üçin ilat gaz­na­sy ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­la­ry ulan­mak” tas­la­ma­sy­na gol çe­kil­di.
Mun­dan baş­ga-da, da­ba­ra­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi bi­len ÝUNF­PA-nyň ara­syn­da er­kek adam­la­ryň rep­ro­duk­tiw sag­lyk gul­lu­gy­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça ma­li­ýe­leş­dir­mek ha­kyn­da­ky şert­na­ma gol çe­kil­di.
Ta­rap­la­ryň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, bu res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­me­gi ýur­du­my­zyň BMG-niň Ilat gaz­na­sy bi­len bu ugur­da­ky däp bo­lan ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam eder. Bu gat­na­şyk­lar ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bo­lup, hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­dy.