Hy­ta­ýyň Mil­li kos­mos eda­ra­sy­nyň be­ren mag­lu­ma­ty­na gö­rä, go­laý­da Aýa uçu­ry­lan en­jam­da­ky pag­ta çi­gi­di şi­ne­le­di. “Chang’e-4” kos­mos gä­mi­si 7-nji ýan­war­da Aýyň ýü­zü­ne go­nup­dy. Şeý­le­lik­de, il­kin­ji ge­zek Aýyň ga­raň­ky ta­ra­py­na en­jam gon­du­ryl­dy. “Chang’e-4” bi­len go­wa­ça we kar­toş­ka eki­len top­rak, gor­çi­sa maş­ga­la­sy­na de­giş­li ösüm­li­giň to­hu­my we mi­we si­ňe­gi­niň ýu­murt­ga­la­ry hem ibe­ri­lip­di. Gi­je­si­ne ho­wa­nyň -170 de­re­jä çen­li so­wa­ma­gy bi­len, ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, ol do­ňup, sol­dy. Mun­dan ozal, Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de go­wa­ça we beý­le­ki ösüm­lik­ler ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­lip­di. Tä­ze tej­ri­be gel­jek­de Ýe­riň ýe­ke-täk hem­ra­syn­da gu­rul­jak kos­mo­nawt­la­ryň ýa­şa­jak be­ke­di­ni dö­ret­mek­de mag­lu­mat top­la­ma­ga ýar­dam eder. Hy­taý kos­mo­sy öw­ren­mekde bu ýer­de he­mi­şe­lik be­ke­di gur­mak üçin baş­ga-da yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni do­wam et­dir­ýär. Tas­la­ma­nyň esa­sy ýol­baş­çy­sy pro­fes­sor Şi­ýe Geng­şin ýe­riň dar­tyş güý­jü­niň pes ýe­rin­de ösüm­lik ýe­tiş­dir­mek­de top­lan­jak tej­ri­bä­niň Aý­da gu­rul­jak be­ket üçin örän äh­mi­ýet­li­di­gi­ne ün­si çek­ýär.