Ýew­ro­pa­nyň iň owa­dan ki­tap­ha­na dü­kan­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Por­tu­ga­li­ýa­nyň “Lel­lo” dü­ka­ny dö­re­di­le­n gününiň 113 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýär. 1906-njy ýyl­da oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ga­py­la­ry­ny giň­den açan dü­kan ki­tap muş­dak­la­ry­ny diý­seň be­gen­dir­ýär. Dü­ka­nyň di­war­la­ry we iç­ki be­ze­gi ta­ry­hyň ir­ki dö­wür­le­ri­ni ýat­lad­ýar. Dü­ka­nyň ýol­baş­çy­la­ry her ýyl di­ýen ýa­ly tä­ze ki­tap­la­ry oky­jy­la­ra hö­dür­läp, ki­tap go­ru­nyň üs­tü­ni ýe­tir­ýär. Ýa­kyn wagt­da “Gar­ri Pot­ter we pel­se­pe da­şy”, “Lu­zia­da” epo­pe­ýasy ýa­ly ýaş oky­jy­lar köp­çü­li­gi­niň uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän eser­le­ri hem sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.
– Ki­tap wag­ty­ňy hoş ge­çir­mek üçin ula­nyl­ýan gym­mat­ly se­riş­de­dir. Ki­tap sun­ga­tyň çeş­me­si­dir – di­ýip, dü­ka­nyň mü­di­ri Au­ro­ra Ped­ro Pin­to gür­rüň ber­ýär. Ki­tap dü­ka­ny­nyň seý­rek duş gel­ýän ne­şir­le­ri­ni sa­tyn al­mak üçin tä­ze düz­güni ýo­la go­ýul­dy. Dü­kana gir­mek tö­leg­li bol­dy. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, her gün bu ýere 4 müň adam gel­ýär.
Por­tu­ga­li­ýa­nyň Por­to şä­he­rin­dä­ki bu ki­tap dü­ka­ny iň go­wy ki­tap dü­kan­la­rynyň sa­na­wyn­da 3-nji orun­da du­rýar. Meş­hur “Gar­ri Pot­ter” ki­ta­by­nyň aw­to­ry iň­lis ýazyjy zenany J.K. Row­ling Por­to şä­he­rin­de ýa­şan döw­rün­de dün­ýä bel­li ki­ta­by­ny ýa­zyp­dyr. Şo­nuň üçin “Lel­lo” dü­ka­nyn­da bu ki­ta­byň äh­li ne­şir­le­ri­ni gör­mek bol­ýar. Ýö­ne Row­ling Por­to şä­he­rin­de ýaşan döw­rün­de bir ge­ze­gem ki­tap dü­ka­ny­nyň ga­py­syn­dan ät­le­män­dir.

Abdullageldi GURBANMÄMMEDOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-
gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň talyby.