Häzirki wagtda dünýäniň ilatynyň 55 göterimi şäherlerde ýaşaýar. Ýakyn ýyllarda şäherlileriň sany artar, ol hem Afrika we Aziýa yklymlaryndaky çalt depginlerde ösýän şäherleşmäniň hasabyna bolar. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda iň köp şäher Demirgazyk Amerikadadyr. Şol ýerde şäherlileriň sany ilatyň 82 göterimine deňdir. Häzirlikçe şäherlileriň iň az bölegi Afrikada we Aziýa yklymyndadyr. Ýöne, 2030-njy ýyla çenli Afrikanyň ilatynyň 47 göterimi, Aziýanyň ilatynyň 56 göterimi şäherlerde ýaşar. Şol döwre çenli Ýewropada şäherlileriň paýy 77 göterime barabar bolar.
Ilatyň sanynyň yzygiderli artmagy bilen megapolisleriň sany hem barha artýar. Çaklamalara görä, 2030-njy ýylda ilaty 10 milliondan gowrak bolan şäherleriň sany 40-a ýeter. Häzir onuň sany 33-e deňdir. 1990-njy ýyllarda şeýle şäherler bary-ýogy 10 sanydy. Iň gür ilatly şäherleriň biri Ýaponiýanyň Tokio şäheridir. Onuň ilaty 37,2 milliona deňdir. Ikinji orunda 22,7 million ilaty bilen Täze Deli durýar, soňra 20,4 million ilaty bilen degişlilikde Mehiko we Nýu-Ýork gelýär.
Bu megapolisler söwdanyň, medeniýetiň, ylmyň, önümçilik zähmetiniň, durmuş ösüşiniň merkezidir. Şäherler şol birwagtda iş orunlarynyň, tehnologiýanyň, işjeň ykdysady ösüşiň jemlenen ýeridir. Dünýäniň jemi içerki önüminiň 80 göterimi şäherlileriň paýyna düşýär.
Faruh SAPAROW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.