Hin­dis­ta­nyň Al­la­ha­bad şä­he­rin­de dün­ýä­niň iň uly hem-de ge­rim­li di­ni baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň bi­ri “Kumb­ha Me­la” (“Küý­ze baý­ra­my”) baş­la­dy. Ol 49 gi­je-gün­dizläp do­wam eder. Şol dö­wür­de bu ýe­re 130 mil­li­on zy­ýa­rat­çy ge­ler. Onuň 1 mil­lio­na go­la­ýy­ny da­şa­ry ýurt­dan gel­jek hin­di­ler dü­zer.
“Hin­dus­tan Ti­mes” ne­şi­ri­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, zy­ýa­rat­çy­lar üçin ägirt uly ça­dyr şä­her­çesi dö­re­dil­di. Ol ýer­de köp san­ly luk­man­çy­lyk no­kat­la­ry, na­har­ha­na ýer­leş­di­ril­di. Ol 25 müň zy­ýa­rat­ça hyz­mat eder.
“Kumb­ha Me­la” baý­ram­çy­ly­gy in­duizm di­ni­ne uý­ýan­la­ryň di­ni däp-des­sur­la­ry ber­jaý et­me­gi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu däp-des­sur­lar 6 ýa-da 12 ýyl­da bir ge­zek ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Baý­ram­çy­ly­gyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri no­bat­ma-no­bat Al­la­ha­bad, Hard­war, Na­sik we Udd­žaýn şä­her­le­ri hök­mün­de bel­le­nil­ýär.
Ta­ry­hy ro­wa­ýat­la­ra gö­rä, şol ýer­ler hu­daý­la­ryň ja­dy­ly su­wy, ba­ky ýa­şad­ýan am­ri­ta dam­ja­sy­nyň küý­ze­den Gang der­ýa­sy­na ser­pi­len ýer­le­ri ha­sap­lan­ýar. In­duizm di­ni­ne uý­ýan­lar “Kumb­ha Me­la” baý­ram­çy­ly­gy döw­rün­de Gang der­ýa­syn­da ýu­w­nup ar­assalan­ma­gyň ru­hy tä­ze­le­niş ber­ýän­di­gi­ne, gü­nä­le­riň­den sap­lan­yp, tä­ze aň-dü­şün­je ba­gyş ed­ýän­di­gi­ne ynan­ýar­lar. 6 ýyl mun­dan ozal, 2013-nji ýyl­da bu baý­ram­çy­ly­ga 120 mil­li­on zy­ýa­rat­çy gat­na­şyp­dy.