Şu ýylyň dowamynda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde “Arzuwlaryň adasy” atly üsti ýapyk iri dynç alyş merkezi ulanmaga berler. Taslamany ýerine ýetirijileriň bellemegine görä, bu Ýewropanyň hem-de Aziýanyň iň uly dynç alyş seýilgähi bolar.
Dynç alyş seýilgähiniň gerimi haýran galdyrýar. Onuň umumy meýdany 300 gektara barabardyr. Bu meýdanda 8 tematiki zolak döredildi, 30 attraksion guruldy we tebigy seýilgäh emele getirildi. Deňeşdirmek üçin aýdylanda bolsa, Ýewropanyň iň köp gelim-gidimli seýilgähi bolan Ispaniýadaky “Port Awentura”-nyň umumy meýdany 119 gektara deňdir.
Moskwadaky seýilgähde beýikligi 20 metre barabar bolan attraksiona münmek, mundan başga-da, ispan köçelerinde gezelenç etmek, Kolizeý binasynyň öňünde surata düşmek, Londonyň köçelerinde aýlanmak üçin ähli şertler dörediler. Şeýle hem geçmiş, şu gün hem-de geljek barada maglumat almaga mümkinçilik dörediler.
Attraksionlardan başga-da, kafedir restoranlar, kino toplumlary, konsert meýdançalary, 32 gektar meýdana ýaýylyp giden tebigy seýilgäh bolar. Seýilgähe köp görnüşli agaç nahallary oturdylar.
Bu dynç alyş zolagy şol bir wagtda düşewüntli meýdança bolup hem hyzmat eder. Bu ýerde 200-e golaý kiçi we orta telekeçilige degişli kärhana hyzmat eder. 7 müň täze iş orny dörediler.
2016-njy ýylda gurlup başlanan taslamanyň gurluşygy iki tapgyrda dowam edýär. Birinji tapgyr boýunça şu ýylyň ahyryna çenli üsti ýapyk dynç alyş toplumyny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Ikinji tapgyrda bolsa, 2021-nji ýyla çenli “4 ýyldyzly” myhmanhana, çagalar üçin ýahta mekdebi, konsert meýdançasy gurlar. Seýilgähiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Çaklamalara görä, seýilgäh rus we daşary ýurtly syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüler. Her ýyl “Arzuwlar adasyna” 50 million adamyň gelmegine garaşylýar. Seýilgäh hususy maýa goýumyň hasabyna gurulýar. Taslamanyň umumy bahasy 1,5 milliard dollara barabardyr.
Ysmaýyl BEKIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.