“ACWA Power” kompaniýasy Gün energiýasyndan peýdalanmak üçin öndürýän batareýalarynyň önümçiligini artdyryp, Saud Arabystanynyň alternatiw energiýa çeşmelerinden peýdalanmak babatda öňe süren maksatnamalarynyň çäklerinde bu ýurduň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolmagy meýilleşdirýär.
Kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Peddi Padmanathanyň aýtmagyna görä, Saud Arabystanynyň döwlet maýa goýum gaznasynyň hem paýnamalary bolan kompaniýa Ýaponiýanyň “SoftBank” şereketi bilen bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýar. Işewürlik hyzmatdaşlygyň bahasy 200 milliard dollara barabardyr.
Ýapon kompaniýasy Saud Arabystanynda 2030-njy ýyla çenli 200 Gwt kuwwatynda iri Gün energiýa panelini döretmegi maksat edinýär. Taslama müňlerçe täze iş orunlary döretmek bilen çäklenmän, gaýtadan işleýän senagatyň hem ösmegine goşant goşar. Iki kompaniýa bilelikde Gün panellerini öndürmegi maksat edinýär.