Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman durmuş-ykdysady, inženerçilik-tehniki hem-de ulag-aragatnaşyk düzümini kämilleşdirmek boýunça ägirt uly, toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk edaralary, zawodlar we fabrikler, dürli maksatly beýleki desgalar yzygiderli gurulýar, olar adamlaryň ýokary durmuş derejesini, döredijilikli zähmet, amatly ýaşaýyş we türkmenistanlylaryň doly derejeli dynç almagy üçin aňrybaş şertleri üpjün etmäge ýardam berýär.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler maksatnamasy ýokarda aýdylanlaryň doly subutnamasydyr. Muňa hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň demirgazyk sebitindäki Daşoguz welaýatyna amala aşyran saparynda-da doly göz ýetirmek bolýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ AGZAÇAR SADAKASYNY BERDI
Hormatly Prezidentimiz mukaddes Oraza aýynda Daşoguz welaýatynda saparda bolup, saparynyň ilkinji güni agzaçar sadakasyny berdi. Oraza halkymyzyň parasatlylygyny, ruhubelentligini we urp-adatlaryny şöhlelendirip, medeni gymmatlygymyzyň aýrylmaz möhüm bölegi bolup durýar. Ol Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, bu mukaddes aýda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň sebitlerine baryp görmegi bellärliklidir. Olarda türkmen halky üçin ähmiýeti uly bolan ajaýyp gözel ýerler jemlenendir. Milli Liderimiz sebitlerde ýurdumyzyň her bir maşgalasynyň, her bir raýatynyň durmuşyny has-da abadanlaşdyrmaga ýardam etjek täze durmuş-medeni maksatly desgalary açýar we düýbüni tutýar.
Daşoguz welaýatynyň baş metjit toplumy dört sany minaraly hem-de depesinde altynsow ýarymaý ýerleşdirilen gümmezli bolup, ol şäheriniň iň owadan hem-de uzyn köçeleriniň biri bolan Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýär.
Metjidiň binasy milli binagärligiň iň gowy däplerinde guruldy. Onuň bezeginde welaýatyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleriň nagyşlary ulanyldy. Binanyň binagärlik görkezijileri hem onuň uludygyna şaýatlyk edýär – metjidiň merkezi gümmeziniň diametri 38 metre, beýikligi 40 metre, dört minaranyň her biriniň beýikligi bolsa 63 metre barabardyr. 3 müň zyýaratçynyň ýerleşmegine niýetlenen metjidiň özünden başga-da, bu ýerde 1500 orunlyk sadaka bermek üçin jaý guruldy. Birbada myhmanlaryň 200-sini kabul etmäge niýetlenen üç gatly myhmanhana ähli amatly şertler bilen üpjün edildi. Döwlet Baştutanymyz 2013-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň metjidiniň düýbüni tutmaga, 2015-nji ýylda bolsa, onuň dabaraly açylyşyna gatnaşdy. Şonda milli Liderimiz Türkmenistanyň müftüsine metjit üçin keramatly Gurhany sowgat berdi.
Daşoguz welaýatynyň metjidinde milli Liderimize mukaddes Käbä zyýarat eden wagtynda sowgat berlen keramatly teperrik ýerleşdirildi. Bu teperrik döwlet Baştutanymyza golaýda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde berildi.
Mukaddes teperrige togap edip, milli Liderimiz: “Okalan aýat-dogalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, biziň ýurdumyz hemişe asuda bolsun! Goý, biziň halkymyz hemişe abadan durmuşda we agzybir ýaşasyn!” diýip, ýygnananlara ýüzlenip, olary agzaçar sadakasynyň geçirilýän ýerine çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde çykyş edip, biziň döwletimiz adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ägirt uly maliýe serişdelerini goýberýär. Alyp barýan şeýle syýasatymyzyň netijesi bolan «Bagtyýar zaman» obasy hem ähli üpjünçilik ulgamy bar bolan şäherçeler bilen bäsleşer.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň müftüsine tebärek çykyp bermegini haýyş etdi. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Şondan soň, agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara nahar çekildi. Nahardan soň aýat-töwir okaldy. Aýat-töwir okalandan soň, milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, “Ýene-de bir gezek şu günki berlen sadakalar kabul bolsun!” diýdi.
TÄZE ÝAŞAÝYŞ JAÝ TOPLUMYNYŇ DÜÝBI TUTULDY
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna amala aşyran saparynyň çäklerinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbi tutuldy. Ýakyn ýyllarda Daşoguz şäheriniň günorta-günbatar böleginde, Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda belent ýaşaýyş jaýlary peýda bolar.
Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Daşoguz iň myhmansöýer şäherleriň biri hökmünde bellidir. “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip, yglan edilen 2016-njy ýylda welaýat merkezine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty hökmündäki dereje berildi. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda şäheriň keşbi düýpgöter özgerdi. Soňky ýyllarda şäherde köp sanly ýaşaýyş jaý toplumlary, sport merkezleri, myhmanhanadyr dynç alyş merkezleri we beýleki medeni maksatly binalaryň ençemesi gurlup ulanmaga berildi.
Ine, ýene-de sanlyja ýyldan şäherde täze ýaşaýyş jaý toplumy peýda bolar. Täze etrapçada 1050 maşgala niýetlenen ýokary amatlykly dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 60-syny gurmak meýilleşdirilýär. Bu ýerde jemi 525 sany üç otagly öýler gurlar, olaryň her biriniň meýdany 171 inedördül metre deň bolar we ondan başga-da 525 sany dört otagly, her biriniň meýdany 203,45 inedördül metre barabar bolan öýler bina ediler.
Olaryň gurluşygy tapgyrlaýyn amala aşyrylar. Birinji nobatdakynyň çäklerinde, 2016-2018-nji ýyllarda alty sany 16 öýli we iki sany 24 öýli ýaşaýyş jaýlaryny, sadaka bermek üçin binany hem-de dürli tehniki desgalary gurmak meýilleşdirildi. 2019-njy ýyla çenli ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de onusyny, şol sanda bir 12 öýli, bir 18 öýli, bäş 16 öýli we üç 24 öýli ýaşaýyş jaýlaryny, şeýle hem köp gatly awtoduralgany ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär. Üçünji nobatdakynyň gurluşyk işleri 2018-2020-nji ýyllarda alnyp barlar. Şol döwürde ýene birnäçe 16 öýli we 24 öýli ýaşaýyş jaýlary, 600 orunlyk umumy bilim berýän mekdep hem-de 240 orunlyk çagalar bagy, bu ýerde ýaş türkmenistanlylaryň terbiýe almagy, aň-bilim we döredijilik taýdan ösmegi üçin hemme şertler dörediler, şeýle hem Saglyk merkezi gurlar.
Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalarynda hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlarynyň täze toplumynyň binýadyna türkmenistanlylaryň geljekki nesillerine niýetlenen hat ýerleşdirilen gutyny oklap, soňra onuň düýbüne ilkinji beton garyndylaryny guýup, gurluşyga badalga berdi.
MINISTRLER KABINETINIŇ GÖÇME MEJLISI
Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, onda sebitdäki işleriň ýagdaýyna, ýerlerde durmuş-ykdysady özgertmeleriň ilerledilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny dabaraly belläp geçjekdigimizi belledi. Garaşsyzlyk halkymyza köp zatlary berdi. Geçen çärýek asyryň içinde ýurdumyzda ähli ugurlarda ýokary netijeler gazanyldy. Ata Watanymyzda belent sepgitlere ýetildi, giň gerimli we tutumly işler amala aşyryldy. Garaşsyz Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda ýokary netijeleri gazanýan döwletleriň birine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen birlikde, biz Daşoguz welaýatyny ösdürmäge hem uly üns berýäris. Onuň üstünlikleri bizi begendirýär, ýöne şonuň bilen birlikde, welaýaty mundan beýläkde ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlerde entek kemçilikler az däl diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu kemçilikleri aradan aýyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitlemek şu günki mejlisiň esasy meseleleri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we mejlisiň gün tertibine geçdi.
Mejlisiň barşynda Daşoguz welaýatynyň etrap häkimleriniň hasabaty diňlenildi. Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, guramaçylyk meselelerine seretdi. Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, etrapda alnyp barylýan işleriň guralyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin käbir etraplaryň häkimlerini we orunbasarlaryny eýeleýän wezipelerinden boşatdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz birnäçe ýolbaşçylara alnyp barylýan işleriň gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç yglan etdi.
Milli Liderimiz mejlisi dowam edip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatyň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmaga gönükdirilendigini aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol Daşoguz welaýatynyň dolandyryş çägini döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklipler barada habar berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek bilen bagly meselelere seretmek we olary kämilleşdirmek barada milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, Mejlisde welaýat häkimlikleri bilen bilelikde, degişli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasy esasynda “Daşoguz welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda” Mejlisiň karary kabul edildi. Karara laýyklykda, Daşoguz welaýatynda 9 etrap, 2 etrap hukukly şäher, 7 etrapdaky şäher, 1 şäherçe, 134 geňeşlik, 610 oba bolar.
Milli Liderimiz Daşoguz welaýatynyň agzybir we zähmetsöýer ilatynyň öňde duran belent wezipeleri amala aşyrmak üçin yhlasly we tutanýerli zähmet çekjekdigine, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem berkarar döwletimiziň has belent sepgitlere ýetmegi, mähriban halkymyzyň bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerimize mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz iş saparynyň çäklerinde anna güni, mukaddes juma namazynyň okalýan güni S.A.Nyýazow adyndaky etrapda 500 hojalyga, ýagny iki ýarym müň adama niýetlenip täze gurlan, döwrebap Bagtyýar zaman obasynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy.
TÜRKMENISTAN RUHY-MEDENI GYMMATLYKLARA BAÝ ÜLKE
Döwlet Baştutanymyzyň Daşoguz welaýatyna saparyna gabatlap, bu ýerde “Türkmenistan ruhy-medeni gymmatlyklara baý ülkedir” atly Halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçirildi. Bu medeni-köpçülikleýin çäre Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.
Halkara forumyň işine GDA ýurtlaryndan bolan alymlar, edebiýaty öwrenijiler, medeniýeti öwrenijiler, sungaty öwrenijiler, taryhçylar, dilçiler, binagärler, gazuw agtaryjylar hem-de medeni-ynsanperwer ulgamynyň beýleki wekilleri gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar Daşoguz welaýatynyň maddy we maddy däl mirasy, edebi ýadygärlikler, täze ýazuw çeşmelerini we arheologik tapyndylary gözläp tapmak babatda öz barlaglarynyň netijeleri bilen paýlaşyp, türkmen halkymyzyň adamzat ösüşine ruhy-medeni, ynsanperwer we ylmyň gazananlarynyň jedelsiz uly täsirini täze açyşlary bilen tassykladylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ylmyň we medeniýetiň okgunly ösýändigi, milli gymmatlyklaryň hem-de dünýä ölçegleri ulgamynda olaryň ähmiýetine düşünilmegiň ýokarlanýandygy nygtaldy.
«Zaman-Türkmenistan».