Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de do­wam ed­ýän 17-nji Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da to­par­ça­da­ky du­şu­şyk­lar ta­mam­lan­dy. 24 ýy­gyn­dy­nyň 16-sy ýa­ry­şy do­wam et­di­rip, ga­lan 8-si bäs­le­şik­den çyk­dy. Şeý­le­lik­de, her to­par­ça­da 1-2-nji ýer­le­ri eýe­län­ler bi­len 3-nji orun­da­ky to­par­la­ryň iň go­wy ne­ti­je gör­ke­zen 4-si 2-nji tap­gy­ra, has ta­ky­gy, 1/8 fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy.

“A” to­par­ça­da ýer eýe­le­ri BAE 1-nji ýe­ri eýe­le­di. Olar 5 utuk top­la­dy­lar. 4 utuk­ly 2 to­par­dan Tai­land 2-nji, soň­ky du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­za­nan Bah­reýn 3-nji ýe­re my­na­syp bol­dy. 4-1 ha­sa­byn­da Tai­lan­dy utup, çem­pio­na­ta şow­ly baş­lan Hin­dis­tan üçin ýa­ryş ta­mam­lan­dy. “B” to­par­ça­da Ior­da­ni­ýa iň öň­dä­ki or­ny eýe­le­di. Il­kin­ji du­şu­şy­gyn­da Ior­da­ni­ýa­dan utu­lan Awst­ra­li­ýa soň­ky oýun­la­ryn­da il­ki Pa­les­ti­na­ny 3-0, soň­ra-da Si­ri­ýa­ny 3-2 hasabynda ýe­ňip, to­par­ça­da 2-nji or­na my­na­syp bol­dy. Pa­les­ti­na we Si­ri­ýa üçi­nem ýa­ryş ta­mam­lan­dy.
“C” to­par­ça­da çem­pi­on­ly­gyň da­laş­gär­le­rin­den Gü­nor­ta Ko­re­ýa ýeň­liş­siz ýa­ry­şy do­wam et­dir­ýär. Müm­kin bo­lan äh­li utu­gy top­lan ko­reý­ler 3-nji du­şu­şy­gyn­da Hy­ta­ýy 2-0 ha­sa­by bi­len ut­dy. Olar il­kin­ji 2 du­şu­şy­gyn­da 1-0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. To­par­ça­da Hy­taý 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Çem­pio­na­ta il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ýy­gyn­dy­sy hem soň­ky du­şu­şy­gyn­da Fi­lip­pin­le­riň mil­li to­pa­ryn­dan Lýuk­suň het-tri­gi bi­len 3-1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Bu ýe­ňiş ola­ryň ýa­ry­şy do­wam et­dir­me­gi üçin ýe­ter­lik bol­dy. “D” to­par­ça­da çem­pi­on­ly­ga ym­tyl­ýan Eý­ran 7 utu­gy 7 gol bi­len ga­zan­dy. Edil şon­ça utuk ga­za­nan yrak­ly­lar 2-nji ýe­ri eýe­le­di. 4 gol ge­çi­rip, 5 gol ge­çir­den Wýet­nam hem 3 utuk bi­len 1/8 fi­na­la ady­ny ýaz­dyr­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di.
“E” to­par­ça­da Ka­ta­ryň mil­li to­pa­ry gar­şy­daş­la­ry­nyň der­we­ze­sin­den 10 gol ge­çir­di. Şol gol­la­ryň 7-si­ni Al­mo­ez Ali öz ady­na ýaz­dyr­dy. Ol to­pa­ry­nyň De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­ny 6-0 ýe­ňen du­şu­şy­gyn­da 4 gol ge­çir­me­gi ba­şar­dy. 6 utuk top­lan Sa­ud Ara­bys­ta­ny bol­sa 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Edil “D” to­par­ça­da­ky Wýet­nam ýa­ly 3 utu­gy 4 gol ge­çi­rip, 5 gol ge­çir­dip ga­za­nan Li­wan fa­ir-play utuk­la­ry­nyň az­ly­gy se­bäp­li, has ta­ky­gy, köp­räk sa­ry kart alan­dy­gy üçin ýa­ry­şy do­wam et­di­rip bil­me­di. “F” to­par­ça­da Ýa­po­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 9 utuk bi­len 1-nji or­na my­na­syp bol­dy. Soň­ky du­şu­şy­gyn­da ýa­pon­lar­dan 3-2 utu­lan öz­bek­ler 2-nji, 4 gol ge­çi­rip, şon­ça­ny hem ge­çir­den Oman 3 utuk bi­len 3-nji ýe­ri eýe­le­di we 1/8 fi­na­la çyk­dy.
1/8 fi­na­lyň oýun­la­ry 20-21-22-nji ýan­war­da oý­na­lar. 20-nji ýan­war­da­ky oýun­la­ra se­ret­sek, Tai­land bi­len Hy­taý, Eý­ran bi­len Oman hem-de Ior­da­ni­ýa bi­len Wýet­nam du­şu­şar. 21-nji ýan­war­da­ky yk­ly­myň 2 güýç­li ýy­gyn­dy­la­ry Ýa­po­ni­ýa bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň oý­ny eý­ýäm­den köp­le­riň üns mer­ke­zin­de. Şol gün Gü­nor­ta Ko­re­ýa Bah­reýn bi­len, Ka­tar bol­sa Yrak bi­len çär­ýek fi­nal ug­run­da güýç sy­na­ny­şar.
21-nji ýan­war­da çem­pio­na­tyň ýer eýe­le­ri ýa­ry­şyň deb­ýu­tan­ty Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny “Za­ýed Sports Si­ti” sta­dio­nyn­da ka­bul eder. Tap­gy­ryň ýe­ne bir üns mer­kezin­dä­ki oý­ny soň­ky çem­pi­on Awst­ra­li­ýa bi­len Öz­be­gis­ta­nyň ara­syn­da bo­lar. Olar 2011-nji ýyl­da­ky ýa­ry­şyň ýa­rym fi­na­lyn­da-da du­şu­şyp­dy we şon­da Awst­ra­li­ýa 6-0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Bu du­şu­şyk­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan to­par­lar 24-nji we 25-nji ýan­war­da çär­ýek fi­nal­da çy­kyş eder­ler.