Is­pa­ni­ýa­nyň “Bar­se­lo­na” to­pa­ry “Wa­len­si­ýa­nyň” ko­lum­bi­ýa­ly go­rag­çy­sy Jei­son Mu­ril­lo­ny möw­sü­miň ahy­ry­na çen­li kä­ren­de­si­ne al­dy. Eger-de ka­ta­lon­lar möw­sü­miň ahy­ryn­da 26 ýa­şyn­da­ky oýun­çy­ny sa­tyn al­mak is­le­se­ler, 25 mil­li­on ýew­ro tö­le­me­li bo­lar­lar. Mu­ril­lo 2017-nji ýy­lyň tom­sun­da “In­ter­den” “Wa­len­si­ýa” ge­çip­di. “Bar­se­lo­na” mun­dan baş­ga-da, “Tu­lu­za­da” çy­kyş ed­ýän 19 ýaş­ly fran­si­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy Žan Klair To­di­bo­ny-da möw­sü­miň ahy­ryn­da ha­ta­ry­na go­şar. To­di­bo­nyň möw­sü­miň ahy­ryn­da “Tu­lu­za” bi­len şert­na­ma­sy­nyň möh­le­ti­niň ta­mam­lan­ýan­dy­gy se­bäp­li, “Bar­se­lo­na” bu oýun­çy üçin hiç hi­li tö­leg ge­çir­mez.

Is­pa­ni­ýa­ly ýa­rymgo­rag­çy, Ang­li­ýa­nyň “Çel­si” to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de çy­kyş eden Sesk Fab­re­gas Fran­si­ýa­nyň “Mo­na­ko” to­pa­ry bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. Şert­na­ma­nyň ba­ha­sy 10 mil­li­on dol­la­ra deň­dir. Is­pa­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň dü­zü­min­de-de şow­ly çy­kyş eden fut­bol­çy tä­ze to­pa­ry bi­len 3,5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Ol “Çel­si” to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de 2014-nji ýyl­dan bä­ri oý­nap gel­ýär­di. Ozal Is­pa­ni­ýa­nyň “Bar­se­lo­na” hem-de Ang­li­ýa­nyň “Ar­se­nal” ýa­ly güýç­li to­par­la­ry­nyň dü­zü­min­de-de çy­kyş eden Fab­re­gas Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da soň­ky möw­süm­de “Çel­si”-niň köý­nek­çe­si bi­len 6 oýun­da meý­dan­ça çy­kyp­dy. Şo­nuň üçin ol özü­ne baş­ga to­par göz­läp, “Mo­na­ko” geç­me­gi ma­kul bil­di. “Mo­na­ko” to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si Týe­ri An­ri­dir. Fab­re­gas An­ri bi­len ozal “Ar­se­nal”-yň dü­zü­min­de bi­le çy­kyş edip­di.

Ang­li­ýa­nyň “Born­mut” to­pa­ry “Li­wer­pul­dan” 2 fut­bol­çy alyp, dü­zü­mi­ni güýç­len­dir­di. To­par “mer­si­saýd­ly­la­ryň” ha­ta­ryn­dan 21 ýaş­ly hü­jüm­çi Do­mi­nik So­lan­ke bi­len uzak möh­let­le­ýin yla­la­şyk ga­zan­dy. Bu trans­fe­riň möç­be­ri 19 mil­li­on funt ster­ling diý­lip kes­git­len­di. Şeý­le-de, “Born­mut” “Li­wer­pul­dan” sag gy­ra­ky go­rag­çy Na­ta­ni­el Klaý­ny-da möw­sü­miň ahy­ry­na çen­li kä­ren­de­si­ne al­dy.

“La Li­ga­da” öň­dä­ki orun­lar ug­run­da gö­reş alyp bar­ýan “Se­wil­ýa” to­pa­ry “Bar­se­lo­na­nyň” 23 ýaş­ly hü­jüm­çi­si Mu­nir El-Had­da­di­ni trans­fer et­di. Oýun­çy­nyň ba­ha­sy ba­ra­da iki ta­rap hä­zir­lik­çe res­mi mag­lu­mat ber­me­di. El-Had­da­di möw­süm­de az san­ly du­şu­şyk­da çy­kyş edip, 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Ol “Wa­len­si­ýa” we “Ala­wes” to­par­laryn­da kä­ren­de­si­ne çy­kyş edip­di.

“So­ut­hemp­ton” to­pa­ry­nyň ita­li­ýa­ly hü­jüm­çi­si Ma­no­lo Gab­bia­di­ni öz ýur­du­na do­lan­dy. 27 ýaş­ly oýun­çy ozal­ky klu­by “Samp­do­ri­ýa” bi­len uzak möh­let­le­ýin şert­na­ma bag­laş­dy. Ge­nue şä­he­ri­niň klu­by Gab­bia­di­ni üçin iň­lis to­pa­ry­na 12 mil­li­on funt ster­ling tö­lär. Gab­bia­di­ni 2013-2015-nji ýyl­lar­da-da “Samp­do­ri­ýa­nyň” köý­nek­çe­si­ni ge­ýip­di.

Gol­lan­di­ýa­ly hü­jüm­çi Ra­ýan Ba­bel kar­ýe­ra­sy­ny ýe­ne-de Ang­li­ýa­da do­wam et­di­rer. La­ýyk 2 ýyl mun­dan ozal, “De­por­ti­wo­dan” Tür­ki­ýä­niň “Be­şik­taş” to­pa­ry­na ge­çen 32 ýaş­ly oýun­çy Lon­do­nyň “Ful­ham” klu­bun­da möw­sü­miň ahy­ry­na çen­li kä­ren­de­si­ne oý­nar. Ol 2007-2011-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da “Li­wer­pul­da-da” oý­nap­dy.