Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­nyň ser­gi­si­ni ge­çir­mek in­di asyl­ly dä­be öw­rül­di. Şu ýy­lyň 16-18-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len ser­gi­de tür­ki­ýe­li hyz­mat­daş­la­ry­my­zyň esa­san hem, al­ýu­min gur­na­ma­la­ry, köp gör­nüş­li tur­ba­lar, elekt­rik en­jam­la­ry, plas­tik aý­na-ga­py­la­ry, de­mir önüm­le­ri, ýy­la­dyş we so­wa­dyş, suw-la­gym, ara­gat­na­şyk, ýan­gyn howp­suz­ly­gy ul­gam­la­ry­nyň en­jam­la­ry, şeý­le hem me­bel we öý ho­ja­lyk teh­ni­ka­sy bo­ýun­ça ön­dür­ýän önüm­le­ri gör­ke­zil­di.
Ser­gä dost­luk­ly Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň bir­nä­çe we­la­ýa­tyn­dan 48 kom­pa­ni­ýa gat­naş­dy. Türk gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry se­na­ga­ty­nyň göz­den ge­çi­ri­li­şi da­şa­ry ýurt işe­wür­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň eda­ra-kär­ha­na­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len pi­kir we tej­ri­be alyş­mak hem-de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­ki ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak, tä­ze hyz­mat­daş­lar bi­len gö­ni gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça bo­lup hyz­mat et­di.
Açy­lyş da­ba­ra­sy­na ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­tan­da res­mi taý­dan bel­le­ni­len dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň baş­tu­tan­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Ser­gä gat­naş­mak üçin türk­men paý­tag­ty­na Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň dür­li se­bit­le­rin­den işe­wür­le­riň uly we­ki­li­ýe­ti gel­di.
Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ser­gä gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy­ny ru­hu­be­lent­lik bi­len diň­le­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gut­la­gyn­da bu ser­gi­niň iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de, türk­men-türk te­le­ke­çi­le­ri­niň hyz­mat­daş­ly­gy­ny ösü­şiň tä­ze de­re­je­si­ne çy­kar­mak­da, ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak­da, Tür­ki­ýä­niň kom­pa­ni­ýa­la­ry we ma­ýa­dar­la­ry bi­len işe­wür gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek­de, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze da­şa­ry ýurt ma­ýa­sy­ny giň­den çek­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
Hä­zir­ki dö­wür­de Tür­ki­ýe ýur­du­my­zyň iri söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­dir. Türk­me­nis­tan­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ryň, döw­let ösü­şi­ne de­giş­li tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne iş­jeň gat­naş­ýan türk işe­wür­le­ri gel­je­gi uly türk­men ba­za­ryn­da öz orun­la­ry­ny bar­ha pug­ta­lan­dyr­ýar­lar. Esa­san hem, olar gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry se­na­ga­tyn­da we gur­lu­şyk pu­da­gyn­da üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Mu­ňa ser­gi­niň ge­ri­mi hem şa­ýat­lyk ed­ýär.
Köp­san­ly adam­lar, pot­rat­çy kom­pa­ni­ýa­la­ryň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, hu­su­sy işe­wür­li­giň we­kil­le­ri ser­gi­de gör­ke­zi­len önüm­ler bi­len iç­gin ta­nyş­dy­lar. Ýur­du­myz­da­ky gur­lu­şyk­la­ryň ge­ri­mi­ni göz öňün­de tu­ta­nyň­da, Türk­me­nis­tan bu ul­gam­da in­no­wa­si­ýa­la­ry giň­den or­naş­dyr­ma­ga gy­zyk­lan­ýar
Türk­men paý­tag­tyn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň gur­lu­şyk se­na­ga­ty­nyň önüm­le­ri­niň her ýyl­da gu­ral­ýan bu ser­gi­si bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň baý tej­ri­bä hem-de uly kuw­wa­ta eýe­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar hem-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­le­riň se­riş­de­le­ri­ni we üs­tün­lik­le­ri­ni na­za­ra ala­nyň­da, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar­da tä­ze sep­git­le­re ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.