Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her ýylyň 27-nji ýanwary Watan goragçylarynyň güni diýlip yglan edildi. Bu Perman “Watanymyzyň goragynyň iň belent hem mertebeli borçdugy biziň üçin ebedi hakykatdyr” diýip, nygtaýan Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen Watan goragçylarynyň sarpasynyň belent tutulýandygynyň anyk subutnamasydyr. Şeýle hem bu baýram döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Watany goramak, harby taýýarlygyň hilini gowulandyrmak ugrunda janlaryny aýamaýan türkmen serkerdeleri we esgerleri bu gün hormatly Prezidentimiziň özleri barada edýän aladasyny, halkymyzyň özlerine bolan guwanjyny aýdyň duýýarlar.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli köp sanly medeni çäreler geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem harby güýçlerimiziň maddy üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyna, serkerdelerimiziň hem esgerlerimiziň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine, olaryň söweşjeňlik ukyplarynyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Türkmen harbylary gije-gündiziň dowamynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, asudalygyny, berkararlygyny gözleriniň göreji deýin goramaklaryny dowam edýärler.
Türkmenler taryhyň bütin dowamynda özlerini ugurtapyjy, batyr, gaýduwsyz söweşijiler hökmünde tanadyp gelipdirler. “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly eposlarymyzy, “Ýusup-Ahmet”, “Döwletýar” ýaly dessanlarymyzy alyp görsek hem, baş gahrymanlaryň, ilkinji nobatda, batyr serkerdeler hökmünde öňe çykýandyklaryny görýäris. Halkymyzyň wekilleriniň geçmişde onlarça döwleti gurmaklarynda, olaryň dowamlylygyny üpjün etmeklerinde batyr söweşijilerimiziň uly paýy bar.