Hytaýyň “Lenovo” kompaniýasy 2018-nji ýylda kompýuter önümçiliginde birinjiligi eýeledi. Onuň bu bazardaky paýy 22,5 göterime deňdir. Bu barada “Gartner” kompaniýasy habar berýär. Bilermenleriň hasabatyna görä, 2018-nji ýylda jemi satylan kompýuterleriň sany 259,4 milliona deň boldy.
Şu ýerde dünýäniň kompýuter öndürýän öňdebaryjy kompaniýalary barada gysgaça maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. 6“ASUS” – 15,537 million kompýuter satdy: Bu kompaniýanyň kompýuter bazaryndaky paýy 6 göterime deňdir. Taýwan adasynda ýerleşýän kompaniýa dürli görnüşli kompýuter tehnikalaryny öndürýär. Kompaniýanyň önümçilik toplumlarynda kompýuterler, noutbuklar, internet-planşetler, şeýle hem kompýuterler üçin zerur bolan beýleki enjamlar bar.
5“Acer Group” – 15,72 million kompýuter satdy: Onuň bazar paýy 6,1 göterime deň. Taýwanly bu kompaniýanyň hem önümçiliginde diňe kompýuter däl, eýsem, onuň üçin zerur bolan beýleki ätiýaçlyk şaýlary hem giňden öndürilýär.
4“Apple” – 18,01 million kompýuter satdy: Amerikanyň kompýuter, planşet, audiopleýer, telefon hem-de programma üpjünçiligi bazaryndaky öňdebaryjy kompaniýanyň kompýuter bazaryndaky paýy 6,9 göterimdir.
3“Dell” – 41,91 million kompýuter satdy: Bazar paýy 16,2 göterime deňdir. Amerikanyň bu korporasiýasy kompýuter önümçiliginde öňdebaryjylaryň biridir. Tehas ştatynyň Raund-Rok şäherinde ýerleşýän kompaniýa Maýkl Dell tarapyndan esaslandyryldy. Onuň kompýuter bazarynda has köp görnüşli kompýuterlerine duş gelmek bolýar. Mundan başga-da, bu ugur üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň hem köp görnüşi öndürilýär.
2“HP Inc” – 56,33 million kompýuter satdy: Bazar paýy 21,7 göterime deň bolan Amerikanyň bu iri kompaniýasy “Hewlett-Packard” şereketiniň oruntutarydyr. 2015-nji ýylda bu şereket bölündi we “HP Inc” kompaniýasy kompýuter we printer önümçiligini dowam etdirýär. ABŞ-da, Singapurda, Malaýziýada, Israýylda we beýleki ýurtlarda önümçilik kuwwatlyklary bolan kompaniýanyň 50 müňe golaý işgäri bar.
1“Lenovo” – 58,46 million kompýuter satdy: Hytaý kompaniýasy “Lenovo Group Limited” kompýuter bazarynyň öňdebaryjysydyr. Onuň bazar paýy 22,5 göterimdir. Ol şol bir wagtda mobil telefonlary öndürmekde-de dünýäde 7-nji orunda durýar. Pekin şäherinde ýerleşýän bu kompaniýa Gonkongda hasaba alyndy.
Onuň ýurduň Pekin, Şanhaý we Şençžen şäherlerinde hem-de Ýaponiýanyň Ýamato şäherinde ylmy-barlag merkezleri bar. Kompaniýa 160-dan gowrak ýurt bilen kompýuter söwdasyny amala aşyrýar. Onuň öndürýän önümleri, esasan hem, “Lenovo”, “ThinkCentre”, “ThinkPad”, “ThinkVision” we “IdeaPad” söwda brendleri arkaly tanalýar.
Döwranmyrat ANNAÝAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.