2018-nji ýyl­da hal­ka­ra ja­han­keş­de­le­riň sa­ny 1,4 mil­liard­a ýet­di. Bu ba­ra­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bü­tin­dün­ýä sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy ha­bar ber­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da­ky ösüş 6 gö­te­ri­me deň bol­dy. Bu ýo­ka­ry dep­gin­li ösüş Gü­nor­ta Ýew­ro­pa, Ýa­kyn Gün­do­gar hem-de Af­ri­ka ýurt­la­ry­na ama­la aşy­ry­lan sy­ýa­hat­çy­lyk ge­ze­lenç­le­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
BSG-niň mag­lu­ma­ty­na la­ýyk­lyk­da, pu­dak­da­ky ösü­şiň şol bir wagt­da yk­dy­sa­dy ösüş bi­len hem bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy mä­lim edil­di. Ame­ri­ka yk­ly­my­na ama­la aşy­ry­lan ge­ze­lenç­ler 3 gö­te­rim, Ýew­ro­pa, Af­ri­ka we Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bit­le­ri­ne bol­sa, gu­ra­lan ja­han­keş­de­lik sa­par­la­ry de­giş­li­lik­de 6,7 we 6 gö­te­rim art­dy.
BSG-niň Baş sek­re­ta­ry Zu­rab Po­lo­li­kaş­wi­li­niň bel­le­me­gi­ne gö­rä, sy­ýa­hat­çy­lyk dün­ýä­niň iň dur­nuk­ly ös­ýän pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Ýew­ro­pa gu­ra­lan ge­ze­lenç­le­riň je­mi 713 mil­lio­na deň bol­dy. Af­ri­ka yk­ly­my­na 67 mil­li­on, Ýa­kyn Gün­do­ga­ra bol­sa, 64 mil­li­on ge­zek sa­par­lar gu­ral­dy. 2019-njy ýyl­da hem sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da 3-4 gö­te­rim de­re­je­sin­de ösü­şe ga­ra­şyl­ýar. Bu hem ýan­gy­jyň dur­nuk­ly nyr­hy bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, awia­gat­naw­la­ryň amat­ly bol­ma­gy­na ge­tir­ýär.

Jeren AKUMMEDOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.