Häzirki döwürde welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, önümleri gaýtadan işlemek we pudakda taýýar önümleriň mukdaryny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny doly üpjün etmek we pudagyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen ýörite işler alnyp barylýar.
Şunlukda, pudagyň gaýtadan işleýän senagatyna möhüm orun degişli bolup durýar. Ösümlik ýagynyň görnüşlerini artdyrmak we onuň hilini has-da gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler işlenip taýýarlanylýar.
Degişli maksatnama laýyklykda, ýurdumyzda pagta çigidinden iýmitlik ýag öndürýän kärhanalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, günebakar we zeýtun ýagynyň önümçiligi boýunça täze kärhanalary gurmak meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde bu ekinleriň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlaryny giňeltmek boýunça zerur tagallalar edilýär. Şeýlelikde, degişli ekinler welaýatlaryň toprak-howa şertleri nazarda tutulyp ösdürilip ýetişdiriler.
Bu bolsa, ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek we ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ugrunda anyk işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçen 2018-nji ýylda geçirilen Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn esasda özgertmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda amala aşyrylýan agrotehniki çäreler özüniň oňyn netijesini berýär. Ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, täze ýerleri özleşdirmek, ýer we suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak boýunça ýörite maksatnama düzülip, onuň ýerine ýetirilişi häzirki zaman ylmy bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan işler 2019-njy ýylyň hakykatdan-da uly rowaçlyklara beslenjekdigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.
Öwezmuhammet Öwezow,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.