2018-nji ýylda tutuş dünýä boýunça alýumin önümçiligi ýokarlanyp, 64,341 million tonna deň boldy. Bu ugurdaky görkeziji 2017-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 1,5 göterim köpdür. Halkara Alýuminiý institutynyň ýaýradan maglumatyna laýyklykda, Demirgazyk Amerikanyň kärhanalary hasabat döwründe 3,774 million tonna, Günorta Amerikanyň zawodlary 1,164 million tonna alýumin öndürdi. Beýleki görkezijilere ser salsak, Günbatar Ýewropa ýurtlarynda iň köp isleg bildirilýän bu metalyň 3,732 million tonnasy, Merkezi we Gündogar Ýewropada 4,049 million tonnasy öndürildi.
Hasabat döwründe Hytaýda 36,488 million tonna, beýleki Aziýa ýurtlarynda 4,415 million tonna, Okeaniýada 1,917 million tonna, Pars aýlagynda bolsa, 5,334 million tonna alýumin önümçiligi hasaba alyndy. 2017-nji ýylda bu metalyň umumy önümçiligi 63,4 million tonna barabar bolupdy.
Güljahan NURLYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.