Miçigan uniwersitetinde geçirilen täze barlaglar ummanyň ýa-da deňziň tebigaty bilen ýaşaýan adamlaryň stres derejesiniň pesdigini görkezdi. Penjireden görünýän gök agaçlar hem köp babatda stresi peseldýän eken. Barlag geçirijiler Täze Zelandiýanyň paýtagty Wellingtonyň ýaşaýyş jaýlarynyň penjirelerinden görünýän görnüşler hakynda maglumatlary ýygnadylar.
Alymlar penjireden görünýän ummanyň we deňziň tebigaty bilen gyzyklandylar. Şeýle hem hünärmenler meýletinçileriň stresiniň derejesine baha berdiler. Bilşimiz ýaly, stresiň ýokary derejesi ruhy durnuksyzlyk bilen bagly meseleleriň ýüze çykmak howpuny artdyrýar. Netijede, barlag geçirijiler ummandan ýa-da deňizden görünýän tebigatyň ruhy saglygy berkidýändigini ýüze çykardylar. Hünärmenler bu barlagda ýaş, saglyk we material ýagdaýy ýaly netijelere täsir edip biljek zatlary hem göz öňünde tutdular.