Demirgazyk Florida uniwersitetiniň barlag geçirijileri özleriniň ýadyny ösdürmek isleýän türgenlere krossowkalaryny çykarmaklaryny maslahat berýärler. Görüp otursalar, aýakýalaňaç ylgamak adamyň ýatkeşligine oňaýly täsir edýän eken. Köwüşde ylgamak bolsa, şunuň ýaly netijäni bermeýär diýip, UPI.com ýazýar. Barlaga 18 ýaşdan 44 ýaş aralygyndaky 72 sany meýletinçi gatnaşdy. Meýletinçiler 16 minutyň dowamynda öz badyna ylgadylar. Olar maýda zatlary yzygiderli basan ekenler. Hünärmenleriň pikirine görä, haçan-da, adam aýakýalaňaç ylganda basýan ýerine yzygiderli ünsüni gönükdirmeli bolýar.
Meýletinçiler ylgawdan öň we soň ýatkeşliginiň derejesini barlamak maksady bilen testden geçdiler. Barlaglar aýakýalaňaç ylgan gatnaşyjylaryň 16 göterim ýadynyň gowulaşandygyny görkezdi. Krossowkaly ylgan meýletinçilerde möhüm üýtgeşmeler göze ilmedi. Alymlar aýakýalaňaç ylgananda ünslülik güýçlenýär, netijede, ýatkeşligiň ösmegine sebäp bolýar diýen netijä geldiler.