“Awstraliýa Açykda” erkekleriň arasyndaky finalda iki ussat, häzirki zaman tennisiniň ägirtleri — ispaniýaly Rafael Nadal bilen serbiýaly Nowak Jokowiç duşuşar. 2-nji basgançakdaky Nadal ýarym finalda gresiýaly Stefanos Sisipasy 3 setiň dowamynda ýeňlişe sezewar etdi. Mälim bolşy ýaly, Sisipas 1/8 finalda soňky 2 ýylyň çempiony Rojer Federeri ýaryşdan çykaryp, köpleriň ünsüni özüne çekipdi. 1-nji orundaky Jokowiç ýarym finalda fransiýaly Lýuk Puýdan 3 setde üstün çykdy. Şeýlelikde, Nadal 25-nji, Jokowiç bolsa 24-nji gezek “Uly tuwulgalarda” finalda çykyş eder. Iki tennisçi karýeralary boýunça şu duşuşyga çenli 52 gezek gabatlaşdylar. Şolaryň 27-sinde Jokowiç, 25-sinde Nadal ýeňiş gazandy. “Awstraliýa Açykda” Jokowiçiň 6, Nadalyň 1 çempionlygy bar. Umumylykda Jokowiç 14, Nadal 17 “Uly tuwulganyň” eýesidir.
Çärýek final: N. Jokowiç – K. Nişikori – 6:1, 4:1; M. Raoniç – L. Puý – 6:7, 3:6, 7:6, 4:6; R. Bautista Agut – S. Sisipas – 5:7, 6:4, 4:6, 6:7; F. Tiafoe – R. Nadal – 3:6, 4:6, 2:6; Ýarym final: N. Jokowiç – L. Puý – 6:0, 6:2, 6:2; S. Sisipas – R. Nadal – 2:6, 4:6, 0:6.
Möwsümiň ilkinji “Uly tuwulga” tennis ýaryşy “Awstraliýa Açykda” zenanlaryň arasyndaky finalda çehiýaly Petra Kwitowa bilen ýaponiýaly Naomi Osaka duşuşar. Olaryň birinjisi ýarym finalda amerikaly Daniele Kollinsi 7:6 we 6:0 hasaplar bilen utdy. 4-nji hatardaky Osaka bolsa, 7-nji belgidäki çehiýaly Karolina Plişkowadan 2:1 (2:6, 6:4, 6:4) hasabynda üstün çykdy. 28 ýaşly Kwitowanyň 2 “Uly tuwulgasy” bolup, ol 2011-nji we 2014-nji ýyllarda “Wimbledonda” ýeňiş gazanypdy. 21 ýaşyndaky Osaka bolsa, geçen ýyl “Amerika Açykda” kubogy eýeläpdi. 5 ýyldan soň “Uly tuwulgalarda” finala çykan Kwitowa bilen Osaka karýeralary boýunça ilkinji gezek duşuşarlar.
Şu ýyl 107-nji gezek geçirilýän ýaryşda soňky çempion Karolina Wozniaski 3-nji tapgyrda Mariýa Şarapowadan asgyn geldi (4:6, 6:4, 3:6). WTA-nyň sanawynda 1-nji hatarda barýan Simona Halep bolsa, 1/8 finalda amerikaly Serena Williamsdan utuldy.
Çärýek final: S. Williams – Ka. Plişkowa – 4:6, 6:4, 5:7; N. Osaka – E. Switolina – 6:4, 6:1; P. Kwitowa – E. Barti – 6:1, 6:4; S. A. Pawlýuçenkowa – D. Kollins – 6:2, 5:7, 1:6; Ýarym final: Ka. Plişkowa – N. Osaka – 2:6, 6:4, 6:4; P. Kwitowa – D. Kollins – 7:6, 6:0.