Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­ty­nyň (WRC) tä­ze möw­sü­mi­ne düýn ba­dal­ga be­ril­di. Mo­na­ko­nyň paý­tag­ty Mon­te Kar­lo­da baş­lan çem­pio­nat 16 bäs­le­şik­den soň, 17-nji no­ýabr­da Awst­ra­li­ýa­da ta­mam­la­nar. Sü­rü­ji­ler şu ýy­lyň do­wa­myn­da 1366,43 ki­lo­metr ýol ge­çer­ler. 1973-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän ýa­ryş­da soň­ky 15 ýyl­dan bä­ri ýe­ňi­ji­niň ady üýt­gä­nok. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, 2004-nji ýyl­dan bä­ri Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da 2 at­daş fran­suz sü­rü­ji Se­bas­ti­an Lýob bi­len Se­bas­ti­an Ožie ýe­ňiş ga­za­nyp gel­ýär. Çem­pio­na­ta tä­ze­den do­la­nan Lýo­buň 9, Ožie­niň 6 çem­pi­on­ly­gy bar. Lýob tä­ze möw­süm­de “Hy­un­dai Shell Mo­bis WRT”, Ožie bol­sa “Cit­roen To­tal WRT” to­pa­ry­na we­kil­çi­lik eder. Bu ýyl­ky ýa­ry­şa 7 to­par­dan 17 sü­rü­ji gat­naş­ýar. Möw­sü­miň il­kin­ji ýa­ry­şy er­tir ta­mam­la­nar.