Dünýäniň iň kynçylykly ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Dakar Rallisinde ýeňil awtoulag görnüşinde “Toyota” toparynyň katarly sürüjisi Nasser Al-Attiýa ýeňiji boldy. 3-nji gezek Dakar Rallisinde çempionlyk gazanan 48 ýaşyndaky Attiýa pellehana 34 sagat 38 minut 14 sekuntda gelmegi başardy. Her çempionlygynyň arasy 3 ýyl bolan Attiýa mundan ozal 2015-nji we 2011-nji ýyllarda Dakarda ýeňiş gazanypdy. 41-nji gezek geçirilen Dakar Rallisinde Attiýadan 46 minut az netije görkezen ispaniýaly Nani Roma (“Mini”) 2-nji, fransiýaly Sebastian Lýob (“Peugeot”) 3-nji ýeri eýeledi.
Ýük ulaglary görnüşinde soňky 2 ýylda bolşy ýaly, bu sapar hem çempion üýtgemedi. “Kamaz” toparynyň sürüjisi Eduard Nikolaýew we ekipažy pellehana hemmeden öňürti gelip, bassyr 3-nji, umumylykda-da 4-nji çempionlygyny gazandy. Olaryň görkezen netijesi 41 sagat 01 minut 35 sekunda deň boldy. Nikolaýewiň topardaşy Dmitriý Sotnikow we ekipažy 2-nji, Dakar Rallisiniň 2 gezek ýeňijisi gollandiýaly sürüji, “Iveco” toparyndan Jerard de Rooý we ýoldaşlary 3-nji ýeri eýeledi.
Motosiklçileriň arasynda awstraliýaly Tobi Praýs ýeňiş gazanyp, “KTM 450 Rally” toparynyň wekili mundan ozal hem 2016-njy ýylda ýeňiji bolupdy. Ol 33 sagat 57 minut 16 sekuntda pellehanadan geçdi. Soňky 2 ýylyň çempionlary awstriýaly Mattýuw Wolkner 2-nji, britaniýaly Säm Sanderländ 3-nji orna mynasyp boldy.
Kwadrosiklçilerden argentinaly Nikolas Kawigliasso (“Yamaha Raptor 700R”) münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy. Ol toparyň beýleki argentinaly sürüjileri Žeremias Gonzales Ferioli hem-de Gustawo Gellegodan öňe saýlandy. Ol 43 sagat 01 minut 54 sekuntda pellehana geldi.
UTV ulaglaryna erk edýänleriň bäsleşiginde-de “Can-Am” toparynyň çilili sürüjileri – Fransisko Çaleko Lopez bilen Alwaro Kintilla 42 sagat 19 minut 05 sekuntlyk netije bilen ýeňiji boldy. Toparyň ispan sürüjileri Jerard Farres Guell bilen Daniel Karreras 2-nji, geçen ýylyň çempiony braziliýaly pilotlar Reinaldo Warela bilen Gustawo Gugelmin 3-nji ýeri eýeledi.
Dakar Ralli ýaryşy bu gezek 10 tapgyrdan ybarat bolup, ol ilkinji ýola diňe bir döwletiň (Peru) çäginde geçirildi. Oňa umumylykda 5 görnüş boýunça 334 sürüji gatnaşyp, olaryň 180-si pellehana gelmegi başardy. Galan 217-si 5-nji tapgyrdan soň, dürli sebäplerden ýaryşy dowam edip bilmedi.