Ispaniýanyň Şa Kubogynda (Copa del Rey) çärýek finalyň 1-nji oýunlary oýnaldy. “Sewilýa” öz meýdançasynda “Barselonadan” Sarabia (58) we Ben Ýedderiň (76) gollary bilen 2–0 üstün çykdy. “Barselona” mundan öňki tapgyrda-da “Lewanteden” 1-nji oýunda utulyp, jogap duşuşygynda ýeňiş gazanypdy. “Real Madrid” hem “Santiago Bernabeuda” “Žironany” 4–2 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Ramos 2 gol geçirdi. Beýleki oýunlarda-da “Hetafe” “Walensiýany” 1–0 (Molina 77) utan bolsa, “Espanýol” bilen “Betis” 1–1 (Iglesias 27 — Sanabria 81) deňme-deň oýnady. Jogap duşuşyklary 29–30–31-nji ýanwarda oýnalar.