AZI­ÝA KU­BO­GY 2015                      Aziýa çempionatlarynyň taryhyndan

Fut­bol bo­ýun­ça 16-njy Azi­ýa Ku­bo­gy 2015-nji ýy­lyň 9–31-nji ýan­wa­ry ara­ly­gyn­da AFK-nyň ha­ta­ry­na 2006-njy ýyl­da go­şu­lan Awst­ra­li­ýa­da ge­çi­ril­ýär. Ýur­duň 5 şä­he­rin­dä­ki sta­di­on­lar­da oý­na­lan çem­pio­na­ta 16 ýy­gyn­dy gat­naş­ýar. Şol 16 to­pa­ryň 14-si 2011-nji ýyl­da­ky ýa­ryş­da-da çy­kyş edip, beý­le­ki­si Oman bi­len il­kin­ji sa­par gatnaşan Pa­les­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­la­ry­dyr.
“A” to­par­ça­da ýer eýe­le­ri Awst­ra­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň, Ku­weý­tiň hem-de Oma­nyň mil­li to­par­la­ry bi­len güýç sy­na­nyş­ýar. Awst­ra­li­ýa il­kin­ji 2 oý­nun­da-da 3 utu­gy 4 gol bi­len ga­zan­ýar. Ýag­ny Ku­weý­ti 4–1, Oma­ny 4–0 ýeň­ýär. Gü­nor­ta Ko­re­ýa Oma­ny-da, Ku­weý­ti-de 1–0 ha­sa­byn­da ut­ýar. Gü­nor­ta Ko­re­ýa bi­len Awst­ra­li­ýa­nyň ara­syn­da­ky oýun­da-da ýe­ňiş yk­ly­myň kö­ne ag­za­sy­nyň ta­ra­pyn­da bol­ýar. Ýe­ke-täk go­ly Li Žun-hýup der­we­zä gi­riz­ýär. To­par­ça­da G. Ko­reýa 9, Awst­ra­li­ýa 6 utuk top­la­ýar.
“B” to­par­ça­da Hy­ta­ýyň ýy­gyn­dy­sy-da edil ko­reý­ler ýa­ly 3 du­şu­şy­gyn­da-da ýe­ňiş ga­zan­ýar. Olar Sa­ud Ara­bys­ta­ny­ny Ýu Hai­niň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0, Öz­be­gis­ta­ny we De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­ny-da 2–1 ýeň­ýär­ler. Soň­ky 2 oýun­da hy­taý­ly Sun Ke 3 gol ge­çir­ýär. Öz­bek­ler De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­ny Ser­ge­ýe­wiň go­ly bi­len 1–0, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­ny-da Ra­şi­dow (2) hem-de Şo­di­ýe­wiň pök­gü­le­ri esa­syn­da 3–1 utup, to­par­ça­da 2-nji ýe­ri eýe­le­ýär.
“C” to­par­ça­da Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy-da ýeňlişsiz çär­ýek fi­na­la çyk­ýar. Olar Bah­reýn­den Haj­sa­fi we Şo­jaei­niň gol­la­ry bi­len 2–0 üs­tün çyk­ýar. Soň­ky oýun­la­ryn­da-da mi­ni­mal ha­sap (1–0) bi­len Ka­ta­ry hem-de BAE-ni ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Bu oýun­lar­da Ser­dar Az­mun hem-de Re­za Ghoo­çan­ne­žad Eý­ra­na ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy­lar bol­ýar. 3-nji du­şu­şy­gyn­da Eý­ran­dan utu­lan hem bol­sa, BAE-niň ýy­gyn­dy­sy 1–2-nji oýun­la­ryn­da il­ki Ka­ta­ry 4–1, soň­ra-da Bah­reý­ni 2–1 ýe­ňip, 6 utuk top­la­ýar we çär­ýek fi­na­la çyk­ýar.
“D” to­par­ça­da yk­ly­myň iň köp çem­pi­on bo­lan to­pa­ry ýa­pon­la­ra ýeň­liş­siz çär­ýek fi­na­la çyk­mak o di­ýen kyn düş­me­ýär. Gü­nüň dog­ýan ýur­du­nyň fut­bol­çy­la­ry çem­pio­na­tyň deb­ýu­tan­ty Pa­les­ti­na­ny 4–0 ut­ýar. Yra­gy Hon­da­nyň pe­nal­ti go­ly bi­len 1–0 ýe­ňen ýa­pon­lar Ior­da­ni­ýa­ny hem ýe­ne-de Hon­da we Ka­ga­wa­nyň pök­gü­le­ri bi­len 2–0 ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. To­par­ça­da 2-nji or­ny eýe­län Yra­gyň ýy­gyn­dy­sy Ior­da­ni­ýa­ny 1–0, Pa­les­ti­na­ny-da 2–0 ut­ýar.
Şu çem­pio­nat­da to­par­ça­lar­da­ky oýun­la­ryň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy-da ýe­ke­je du­şu­şy­gyň-da deň­lik­de gu­tar­man­ly­gy­dyr. To­par­ça­da 1-nji ýe­ri eýe­län­ler 9, ikin­ji­ler 6, üçün­ji­ler 3 utuk top­la­sa, 4-nji bo­lan­la­ra utuk ga­zan­mak ba­şart­ma­ýar.
Çär­ýek fi­nal­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň ýy­gyn­dy Öz­be­gis­ta­ny Son Hyn-mi­niň 104-nji we 109-njy mi­nut­lar­da­ky gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­ýär we 10-njy sa­par ýa­rym fi­na­la ady­ny ýaz­dyr­ýar. Şol ha­sap bi­len Awst­ra­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Hy­ta­ý­dan üs­tün çyk­ýar. 2 to­py-da Tim Ka­hill der­we­zä gi­riz­ýär. Beý­le­ki 2 du­şu­şyk­da ýe­ňi­jiler pe­nal­ti­ler­den soň kes­git­le­nip, ga­ra­şyl­ma­dyk to­par­lar ýo­lu­ny do­wam ed­ýär. Eý­ran bi­len Yra­gyň ara­syn­da­ky oý­nuň esa­sy wag­ty 1–1 deň­lik­de gu­tar­ýar. Goş­ma­ça 30 mi­nut­da-da her to­par ýe­ne-de 2 gol ge­çir­ýär (3–3; Az­mun 24, Pu­ra­li­gan­ji 103, Ghoo­çan­ne­žad 119 — Ýa­sin 56, Mah­mud 93, Is­ma­il 116 p). Ne­ti­je­de, pe­nal­ti­ler­de 7–6 öňe saý­la­nan Yra­gyň ýy­gyn­dy­sy 3-nji ge­zek ýa­rym fi­nal­çy bol­ýar. Ýa­po­ni­ýa bi­len BAE hem esa­sy wagt­da bi­ri-bi­rin­den üs­tün çy­kyp bil­me­ýär (1–1, Şi­ba­sa­ki 81 — Mab­hut 7). Pe­nal­ti­ler­de 5–4 ha­sa­byn­da arap­lar ýe­ňiş ga­zan­ýar.
Ýa­rym fi­na­lyň 2 du­şu­şy­gy-da 2–0 ha­sa­byn­da ta­mam­lan­ýar. Gü­nor­ta Ko­re­ýa Yra­gy Li Žun-hýu­puň (20) we Kim Ýun-gwo­nuň (50), Awst­ra­li­ýa-da BAE-ni Sains­bu­ri (3) hem-de Da­wid­so­nyň (14) gol­la­ry bi­len ýeň­ýär.
Fi­nal du­şu­şy­gyn­dan 1 gün öň ýa­rym fi­nal­da utu­lan BAE bi­len Yrak 3-nji ýer üçin duşuş­ýar. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun 3–2 ha­sa­byn­da BAE-niň peý­da­sy­na ta­mam­lan­ýar (Ha­lil 16, 51, Mab­hut 57 p — Sa­lem 28, Ka­laf 42). Bu ola­ryň il­kin­ji bü­rünç me­da­ly bol­ýar.
31-nji ýan­war­da Sid­neý­dä­ki “Awst­ra­lia” sta­dio­nyn­da ýer eýe­le­ri Awst­ra­li­ýa bi­len Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň ara­syn­da­ky fi­na­la eý­ran­ly Ali­re­za Fa­ga­ni emin­lik ed­ýär. Du­şu­şy­gyň 45-nji mi­nu­tyn­da Lu­on­go ýer eýe­le­ri­ni öňe saý­la­ýar. Şu ha­sap bi­lenem ta­mam­la­nar diý­len du­şu­şy­gyň 90+1-nji mi­nu­tyn­da Son Hyn-min ha­sa­by deň­le­ýär. Ýö­ne 105-nji mi­nut­da Jeýms Troi­si Awst­ra­li­ýa ta­ry­hy ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­ýar. Şeý­le­lik­de, i­kin­ji ge­zek gat­na­şan­da, kü­müş me­dal alan Awst­ra­li­ýa 3-nji sy­na­ny­şy­gyn­da çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. Olar yk­ly­myň çem­pi­on­lyk ga­za­nan 8-nji to­pa­ry bol­ýar.
Çem­pio­nat­da 5 gol ge­çi­ren BAE-li Ali Mab­hut “Al­tyn but­sy” bi­len sy­lag­lan­ýar. Ýa­ry­şyň iň ök­de oýun­çy­sy diý­lip, Awst­ra­li­ýa­dan Mas­si­mo Lu­on­go saý­lan­ýar.