Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň oba hojalyk toplumynyň işini kämilleşdirmek we ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak baradaky çözgütlerini yzygiderli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtap, bu pudaga degişli ministrligi we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny üýtgedip guramak hakynda karara gelendigini aýdyp, Oba we suw hojalyk ministrliginiň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen birleşdirilýändigi, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň döredilýändigini belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyna berler hem-de ol ministrligiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy diýlip atlandyrylar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Oba hojalyk ylmy-barlag instituty Türkmen oba hojalyk institutynyň garamagyna berilýär we mundan beýläk ol ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezi diýlip atlandyrylar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Çakyýew hormatly Prezidentimiziň başyny başlan senagat we ulag-aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmegiň 2019–2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Konstitusiýamyza laýyklykda, ykdysadyýetimizi döwlete degişlilikden bazar görnüşine geçirmelidigimizi nygtady.
Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi döredilýär hem-de Senagat, Demir ýol we Awtomobil ulaglary, Aragatnaşyk ministrlikleri, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy, “Türkmenhowaýollary” gullugy onuň garamagyna berilýär. Olar degişli ministrligiň “Türkmensenagat”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenaragatnaşyk”, “Türkmendeňizderýaýollary” hem-de “Türkmenhowaýollary” agentlikleri diýlip atlandyrylar.
Hormatly Prezidentimiz Milli kosmos agentligini özgertmek, ony Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň garamagyna bermek hem-de agentligiň Kosmos müdirligi diýip atlandyrmak barada karara gelendigini aýtdy.
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň garamagynda birnäçe paýdarlar jemgyýetleri, ýagny “Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” hem-de “Türkmentehnogurluşyk” paýdarlar jemgyýetleri, şeýle hem “Türkmensenagat eksport-import” paýdarlar jemgyýeti döredilýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D. Amangeldiýew gurluşyk we energetika pudaklaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlaryň düzüm birliklerini we mümkinçiliklerini pugtalandyrmak maksady bilen, “Türkmenawtoýollary” döwlet konsernini Gurluşyk we binagärlik ministrligine birleşdirmek barada çözgüdiň kabul edilýändigini belledi.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde Ýollaryň gurluşygy we ulanylyşy müdirligi döredilýär. Ol bu ugurda döwlet syýasatyny hem kesgitlär diýip, milli Liderimiz belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P. Agamyradow ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz ylmy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu ugurda birnäçe düzümleýin özgertmeleri geçirmek barada karara gelendigini aýtdy. Şu maksat bilen, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutyny hem-de Milli golýazmalar institutyny goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyny, Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutyny hem-de Arheologiýa we etnografiýa institutyny goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyny döretmeli.
Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan hem-de ylmy-barlag işlerini geçirmek bilen meşgullanýan Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutyny S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyna bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda Umumy we amaly biologiýa institutyny hem-de Derman ösümlikleri institutyny döretmeli. Umumy we amaly biologiýa institutyny Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň garamagyna, Derman ösümlikleri institutyny bolsa, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutyny Döwlet energetika institutynyň garamagyna bermeli. Hormatly Prezidentimiz beýan edilen özgertmeleri tassyklamak hakynda resminamalara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç. Gylyjow söwda pudagyny ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, söwda pudagynyň işini gowulandyrmak maksady bilen, Milli önümleriň haryt dolanyşygyny öwreniş institutyny Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine birleşdirmek barada karara gelendigini aýtdy. Sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli tabşyryklar berildi.
* * *
Şeýle hem Ýurdumyzyň birnäçe pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, milli Liderimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet düzümlerini özgertmek boýunça öňe süren wezipelerine bagyşlanan ýygnaklar geçirildi.
Şol ýygnaklarda täze döredilen Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň düzümine girýän agentlikleriniň paýdarlarynyň ýygnagynyň jemlerine seredildi. Paýdarlaryň ýygnaklarynda agentliklere ýolbaşçylar saýlanyldy. “Türkmendemirýollary”, “Türkmenaragatnaşyk”, “Türkmenawtoulaglary” we “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” hem-de “Türkmensenagat” agentliklerinde ýaly täze agentlikleriň saýlanan ýolbaşçylary bu kärhanalaryň işgärleri bilen tanyşdyryldy.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasy öňdebaryjy tehnologiýalary, döwrebap inženerçilik-tehniki pikirini hem-de iň gowy dünýä tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir. Bu maksatnamada milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak, sebitlerde import ugurly önümleri öndürmek boýunça täze kuwwatlyklary işe girizmek babatda anyk çäreler toplumy göz öňünde tutulýar.