2019-njy ýy­lyň 29-njy ýan­wa­ryn­da GDA-nyň baş bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň 2019-njy ýyl­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na baş­lyk­lyk et­me­gi my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň Be­la­rus Res­pub­li­ka­syn­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň gura­ma­gyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ki­tap­la­ry­nyň hem-de türk­me­n halkynyň me­de­ni we ta­ry­hy mi­ra­sy­ny, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­ny, döw­le­ti­mi­ziň ga­za­nan üs­tün­lik­le­rini açyp görkezýän fo­to­su­rat­la­ryň ser­gi­si ge­çi­ril­di. Ser­gi­niň da­ba­ra­ly açy­ly­şyn­da GDA-nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy – ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji sek­re­ta­ry S. N. Le­be­dew gut­lag sözi bi­len çy­kyş edip, 2019-njy ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lyk­ly­gyn­da GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň ara­syn­da öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň has-da pug­ta­landyryl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Ser­gi baý maz­mun­ly bo­lup, ol Wa­ta­ny­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar bi­len köp­ta­rap­ly hyz­mat­daş­ly­gynyň ok­gun­ly al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­nyň hem-de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­na, hal­ky­my­zyň baý mil­li mi­ra­sy­na, onuň aja­ýyp me­de­ni­ýe­ti­ne we sun­ga­ty­na bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy bol­dy.
Ge­çi­ri­len ser­gi­den soň­ra, GDA-nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň jo­gap­kär iş­gär­le­ri­niň, GDA-nyň Ter­tip­na­ma­la­ýyn we beý­le­ki eda­ra­la­ry­nyň ýa­nyn­da­ky He­mi­şe­lik we Do­ly yg­ty­ýar­ly we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ka­bul ediş­lik çä­re­si ge­çi­ril­di we gat­na­şy­jy­la­ra mil­li ta­gam­la­rymyz hö­dür-ke­rem edil­di.
Şeý­le hem GDA-a gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň Yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça döw­le­ta­ra gaz­na­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti paý­tag­ty­myz­da iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Bu sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň bir­nä­çe mi­nistr­lik­le­rin­de we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da du­şu­şyk­lar hem-de gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.
Hu­su­san-da, Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gin­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Ar­ka­la­şy­ga baş­lyk­lyk et­me­gi­niň çäk­le­rin­de 2019-njy ýyl­da GDA gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň dö­re­di­ji­lik we yl­my in­tel­li­gen­si­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky XIV mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Maý aýyn­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän iki gün­lük mas­la­ha­tyň des­lap­ky mak­sat­na­ma­sy­na ga­ral­dy. Onuň do­wa­myn­da däp bo­lan “Ar­ka­la­şy­gyň ýyl­dyz­la­ry” at­ly döw­le­ta­ra baý­ra­gy­ny gow­şur­mak da­ba­ra­sy bo­lar.
Mun­dan baş­ga-da, Bi­lim mi­nistr­li­gin­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da umu­my ylym-bi­lim gi­ňiş­li­gi­ni ös­dür­mek, ýaş­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek, ta­lyp­la­ryň yl­my-bar­lag tas­la­ma­la­ry­na, eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da­ky gat­na­şyk­la­ra gol­daw ber­mek ýa­ly ugur­lar­da yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça döw­le­ta­ra gaz­na­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de hem ka­bul edil­di. Şol ýer­de hyz­mat­daş­ly­gyň we bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri ge­çir­me­giň me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.

Azat MYRADOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň mugallymy.