Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň ýolbaşçylygynda yg­lan edi­len Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­lyn­da mil­li ede­bi­ýa­ty­my­zyň ta­ry­hyn­da öç­me­jek yz gal­dy­ran türk­men şa­hy­ry Ga­ra­ja­og­la­nyň dog­lan gü­nü­ne 410 ýyl dol­ýar. XVII asyr­da ýa­şap ge­çen, öz goş­gu­la­ry­na hal­kyň aňyn­da sak­la­nyp ga­lan aja­ýyp saz­la­ry dö­re­dip, ola­ry il için­de aý­dym edip aý­dan ze­hin­li şa­hy­ry­myz Ga­ra­ja­og­la­nyň tä­sin dö­re­di­ji­li­gi bar. Ol şy­gry­ýet­de hiç ki­miň­kä meň­ze­me­ýän goş­gy dü­zü­liş usul­la­ry­ny, tä­sin wa­ka­ly des­san­la­ry dö­re­dip­dir.
Ede­bi çeş­me­ler­de be­ril­ýän mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Ga­ra­ja­og­lan mi­la­dy se­ne­si bi­len 1606-njy ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Et­rek et­ra­byn­da dog­lup, 1689-njy ýyl­da hem ara­dan çy­kyp­dyr. Şa­hy­ryň Türk­me­nis­ta­nyň Bal­kan se­bit­le­rin­de dog­lan­dy­gy ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­lar has yg­ty­bar­ly­dyr. Bel­li ede­bi­ýat­çy alym Ka­ka­jan Ata­ýew türk aly­my Aly Ry­za Ýal­gy­nyň “Je­nup­da Türk­men oý­mak­la­ry”, ”Gü­nor­ta türk­men oba­la­ry” at­ly ese­rin­de Ga­ra­jaog­la­nyň dog­lan se­ne­si­ni ha­bar ber­ýän goş­gu­sy­nyň bar­dy­gy­ny bel­läp­dir. Ol goş­gy se­tir­le­rin­de şa­hyr özü­niň dog­lan se­ne­si­ni:
Ga­ra­ja­og­lan diý­di üý­nüm du­ýul­dy,
Müň on bäş­de gö­bek adym go­ýul­dy
– diý­mek bi­len, ha­bar be­rip­dir.
Goş­gy se­tir­le­rin­dä­ki hij­ri se­nä­ni mi­la­dy ýy­ly­na ge­çi­re­ni­miz­de, onuň dog­lan se­ne­si 1606-njy ýy­la ga­bat gel­ýär. Şun­dan hem Ga­ra­ja­og­la­nyň dog­lan se­ne­si anyk bel­li bol­ýar. K.Ata­ýe­wiň hem ada­lat­ly bel­leý­şi ýa­ly, şa­hy­ryň “Gö­bek adym go­ýul­dy“ di­ýip ýaz­ma­gy adym go­ýul­dy – do­gul­dym di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­nyň ara­syn­da onuň ara­dan çy­kan se­ne­si bi­len bag­lany­şyk­ly goş­gy se­tir­le­rem bar. Tür­ki­ýe döw­le­tin­de ne­şir edi­len ýy­gyn­dy­da aşaky se­tir­le­ri oka­mak müm­kin:
Müň ýüz se­ne­de öm­ri bol­dy ta­mam,
Söz­lä­rin sö­zü­mi nog­sa­nym goý­man.
Ýo­kar­ky goş­gy se­ti­rin­dä­ki se­ne hem mi­la­dy ha­sa­by­na ge­çi­ri­len­de, 1689-nji ýy­la ga­bat gel­ýär.
Ga­ra­ja­og­la­nyň ene-ata­sy­nyň hor­mat edip da­kan ady Ha­san eken. Onuň ka­ka­sy­na Yl­ýas di­ýer eken­ler. Ga­ra­ja­og­lan şa­hy­ryň ede­bi la­ka­my bo­lup­dyr. Ol il için­de şol at bi­len hem ta­na­lyp­dyr. Onuň Ha­san ady­ny Ga­ra­go­ýun­ly türk­men döw­le­ti­niň bel­li hö­küm­da­ry Uzyn Ha­sa­nyň hor­ma­ty­na da­ky­lan­dy­gy ha­kyn­da mag­lu­mat bar.
XVI-XVII asyr­lar­da bu ýer­de ýa­şa­ýan ga­zan­jyk­ly­lar to­par-to­par bo­lup, Ana­do­la gö­çüp gi­dip­dir­ler. Ga­ra­ja­og­lan hem elin­dä­ki gaz­ma du­ta­ry bi­len he­niz 16 ýa­şyn­da­ka bu to­par­la­ra go­şu­lyp, Ana­do­la ge­lip­dir di­ýen mag­lu­mat­lar bar.
Os­man­ly çeş­me­le­ri­ne gö­rä, Türk­me­nis­tan­dan gö­çüp ba­ran ga­zan­jyk­ly je­ma­gat Tür­ki­ýä­niň Ada­na, Ma­raş, Kir (Gyr ) şä­her­le­rin­de, Ga­ra­hi­sa­ryň gün­do­ga­ryn­da­ky ýer­ler­de – Gül­nar, Er­me­nek, Sam­sun we Baf­ra tö­we­rek­le­rin­de ýer­le­şip­dir­ler. Bu taý­pa­lar ýer­le­şen ýer­le­ri­ne öz taý­pa­la­ry­nyň ady­ny, ýag­ny Ga­zan­jyk ady­ny da­kyp­dyr­lar. Şa­hy­ryň ga­zan­jyk­ly­la­ra go­şu­lyp git­me­gi bo­lup bil­jek ha­ky­kat­dyr. Şu ýer­de şeý­le bir me­se­lä­niň XVII asyr­da ga­zan­jyk­ly­la­ryň bir bö­le­gi­niň Tür­ki­ýä gö­çüp git­mek­le­ri­niň ta­ry­hy se­bäp­le­ri­niň he­niz do­ly öw­re­nil­män­di­gi­ni nyg­ta­mak is­le­ýä­ris. Çün­ki, ol ýer­de şol dö­wür­de en­çe­me ta­ry­hy wa­ka­lar bo­lup ge­çip­dir.
Ga­ra­ja­og­lan­dan bi­ze uly mi­ras ga­lyp­dyr. Bi­ziň gün­le­ri­mi­ze onuň 500 tö­we­re­gi goş­gu­sy ge­lip ýe­tip­dir. Mun­dan baş­ga-da Tür­ki­ýe­de “Ga­ra­ja­og­lan bi­len Meň­li gyz“, ”Ga­ra­ja­og­lan bi­len Ga­ra­gyz”, ”Ga­ra­ja­og­lan bi­len Elip ge­lin” ýa­ly des­san­lar bel­li­dir. Mag­lu­mat­lar­da aý­dy­ly­şy ýa­ly, bu des­san­la­ryň kä­bi­ri do­ly kä­mil­leş­di­ril­män­dir. Ola­ryň wa­ka ýor­du­myn­da hem, keşp­ler ul­ga­myn­da hem ýön­tem­lik­ler bar. Bu säw­lik­le­riň gö­çü­ri­ji­ler ta­ra­pyn­dan goý­be­ri­len bol­ma­gam äh­ti­mal­dyr. Em­ma şo­la­ryň içi­nde “Ga­ra­ja­og­lan bi­len Meň­li gyz” des­sa­ny has kä­mil ha­sap­lan­ýar. Umu­man, şa­hyr­dan ga­lan ede­bi mi­ra­syň bir bö­le­gi do­gan­lyk Tür­ki­ýe döw­le­tin­de, ýe­ne bir bö­le­gi bol­sa, Wa­ta­ny­myz­da sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň gol­ýaz­ma­lar ha­zy­na­syn­da “Ga­ra­ja­og­lan”at­ly des­sa­nyň gol­ýaz­ma nus­ga­la­ry sak­lan­ýar. Bu des­san aý­ra­tyn ki­tap gör­nü­şin­de ne­şir edi­lip, oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan bag­şy­sy Döw­let­gel­di Dur­dy­ýe­wiň bu des­sa­ny has çe­per­len­di­rip, goş­gu­la­ry­ny hem sa­za sa­lyp, türk­men te­le­wi­de­ni­ýe­sin­de ýaz­gy et­dir­me­gi aý­dym-saz muş­dak­la­ry­nyň göw­nün­den tur­dy.
Goş­gu­la­ry asyr­lar­dan-asy­ra ge­çip, şu gün­ki gün­le­ri­mi­ze çen­li hal­kyň di­lin­de aý­dym bo­lup gel­ýän türk­men şa­hy­ry Ga­ra­ja­og­la­nyň dö­re­di­ji­li­gi alym­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan çuň­ňur öw­re­nil­mä­ge my­na­syp­dyr.

Gur­ban­sol­tan Dur­dy­ýe­wa,
Daşoguz welaýatynyň Ak­de­pe et­rap mer­ke­zi ki­tap­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy.