Fransiýanyň Lion şäherinde aşpezleriň arasyndaky 17-nji Olimpiýa oýunlary – “Bocuse d’Or” halkara bäsleşiginiň final tapgyry geçirildi. Nahar taýýarlamagyň “Oskary” hasaplanýan bu baýraga Daniýanyň topary eýe boldy. Olaryň göläniň etinden bişiren nahary we gök önümlerden taýýarlan “şartrez” tagamy emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Şeýlelikde, Daniýanyň aşpezler topary ikinji gezek “Bocuse d’Or” baýragyny gazandylar.
Ökde aşpezleriň baş baýragyny almak ugrundaky bäsleşige dürli ýurtlardan 24 dalaşgär gatnaşdy. Bu gezekki bäsleşik ony esaslandyran we fransuz gastronomiýasynyň ägirdi Pol Bokýuzsyz geçirildi. Ol geçen ýylyň ýanwar aýynda aradan çykypdy.
– Biz bu bäsleşige kömekçim Kristian bilen 130 gün taýýarlandyk. Abraýly baýragy gazanmak gowy. Bu gazanylan ýeňiş toparlaýyn işiň netijesidir. Ol ýeke adamyň işi däl – diýip, Daniýanyň baş aşpezi Kennet Toft-Hansen gürrüň berdi.
Bäsleşikde tagamyň lezzeti esasy görkeziji bolup durýar. Ýöne sportda-da bolşy ýaly, emin agzalary tagamlara baha berenlerinde olaryň tehniki hem-de çeperçilik taraplaryna-da seredýärler. Bäsleşikde ikinji orny Şwesiýanyň topary, üçünji orny bolsa, Norwegiýanyň topary eýeledi.
Bäsleşik tamamlandy. 2020-nji ýylda baş aşpezleriň Ýewropa tapgyrynyň paýtagty ilkinji gezek Estoniýanyň Tallin şäheri bolar.