Dün­ýä­niň 193 döw­le­ti­ni özün­de jem­le­ýän Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji ses­si­ýa­sy üçin tä­ze ýol­baş­çy saý­lan­dy. Ol Fi­ji döw­le­ti­niň BMG-niň ýa­nyn­da­ky he­mi­şe­lik we­ki­li Pi­ter Tom­son bol­dy. Ony Azi­ýa we Ýu­waş um­ma­ny se­bi­ti­niň döw­let­le­ri da­laş­gär hök­mün­de gör­kez­di.
Mun­dan baş­ga-da 71-nji ses­si­ýa­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne Kip­riň we­ki­li And­re­as Maw­ro­ýan­nis hem da­laş­gär gör­ke­zil­di, ýö­ne ol döw­let­le­riň gol­da­wy­na eýe bo­lup bil­me­di. Pi­ter Tom­so­nyň da­laş­gär­li­gi­ni 94 döw­let gol­da­dy. Kip­riň we­ki­li­niň gör­ke­zi­ji­si 90-a deň bol­dy.
Pi­ter Tom­son Baş As­samb­le­ýa­nyň 70-nji ses­si­ýa­sy­nyň gat­na­şy­jy­la­ry­nyň öňün­de çy­kyş edip, şu ýy­lyň 13-nji sent­ýab­ryn­da baş­lan­jak 71-nji ses­si­ýa­nyň do­wa­myn­da dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak, adam hu­kuk­la­ry ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, gen­der deň­li­gi bo­ýun­ça iş­le­ri alyp bar­mak ýa­ly me­se­le­le­riň gün ter­ti­bin­de bol­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry Pan Gi Mun Pi­ter Tom­so­ny 71-nji ses­si­ýa­nyň baş­lyk­ly­gy­na saý­lan­ma­gy bi­len gut­lap, gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­ler bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ne­ti­je­ler ga­zan­ma­gy­ny ar­zuw et­di.
BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ýe­ke-täk hal­ka­ra gurama bo­lup, ol dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne, dur­nuk­ly ösü­şiň ga­za­nyl­ma­gy­na, ga­ryp­ly­gyň ara­dan aý­ryl­ma­gy­na, dür­li ke­sel­le­riň öňü­niň alyn­ma­gy­na, adam hu­kuk­la­ry­nyň üp­jün edil­me­gi­ne, daş­ky gur­şa­wyň go­ral­ma­gy­na jo­gap ber­ýär. 1946-njy ýyl­da Baş As­samb­le­ýa­nyň dü­zü­min­de 51 döw­let bar­dy, ha­zir ola­ryň sa­ny 193-e ýet­di.