5-nji ýan­war­da baş­lan 17-nji Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň fi­na­ly düýn BAE-niň paý­tag­ty Abu Da­bi­dä­ki “Za­ýed Sports Si­ti” sta­dio­nyn­da oý­nal­dy. Bu ta­ry­hy du­şu­şyk­da il­kin­ji ge­zek fi­na­la çyjab Ka­tar bi­len 5-nji fi­na­ly­ny oý­nan we yk­ly­myň iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan to­pa­ry Ýa­po­ni­ýa öza­ra güýç sy­na­nyş­dy. Oý­na öz­be­gis­tan­ly meş­hur emin Raw­şan Ir­ma­tow emin­lik et­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ol 2011-nji ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Awst­ra­li­ýa­ny 1-0 ýe­ňen fi­nal du­şu­şy­gyn­da-da jür­le­wük ça­lyp­dy.
Jan­kö­ýer­le­riň uly gol­da­wy­ny alan ka­tar­ly­lar oýna er­jel baş­la­dy. Eý­ýäm oý­nuň 9-njy mi­nu­tyn­da çem­pio­na­tyň iň ne­ti­je­li hü­jüm­çi­si Al­mo­ez Ali owa­dan, üs­ta­şyr ur­gy bi­len ha­sa­by aç­dy. 22 ýaş­ly hü­jüm­çi­niň bu ta­ry­hy go­ly, has ta­ky­gy 9-njy go­ly re­kord gör­ke­zi­ji bol­dy. Ol 1 çem­pio­nat­da iň köp gol ge­çi­ren oýun­çy ady­ny 1996-njy ýyl­da­ky ýa­ryş­da 8 ge­zek ta­pa­wut­la­nan eý­ran­ly, ro­wa­ýa­ty fut­bol­çy Ali Daei­den al­ma­gy ba­şar­dy. Şon­dan soň, ýa­pon­lar oý­nuň er­ki­ni öz­le­rin­de sak­la­sa­la­ram, ka­tar­ly­lar gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jüm­ler bi­len ola­ra jo­gap ber­diler. Oý­nuň 26-njy mi­nu­tyn­da Ab­du­la­ziz Ha­tem çep aýa­gy bi­len je­ri­me meý­dan­ça­sy­nyň da­şyn­dan owa­dan, aý­law­ly ur­gy bi­len ha­sa­by 2–0-a çy­kar­dy. Du­şu­şy­gyň 1-nji ýa­ry­my bu ha­sap bi­len ta­mam­lan­dy.
Ka­tar – 2022 Dün­ýä
Ku­bo­gy­na taý­ýar
Ikin­ji ýa­rym­da oý­nuň jy­la­wy ýa­pon­lar­da bol­dy. Olar to­py ag­la­ba öz­le­rin­de sak­lap, hü­jüm ba­ry­ny et­di­ler. Şol hü­jüm­le­riň bi­rin­de, has ta­ky­gy, 69-njy mi­nut­da Ta­ku­mi Mi­na­mi­no ýa­pon­la­ry umyt­lan­dy­ran go­ly der­we­zä gi­riz­di. Oý­nuň 83-nji mi­nu­tyn­da baş emin Raw­şan Ir­ma­tow VAR-yň mas­la­hat ber­me­gi bi­len, ka­tar­ly­la­ryň peý­da­sy­na 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy­ny bel­le­di. Ony-da Ak­ram Afif dürs ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi ba­şar­dy. Bu oýun­da soň­ky gol bol­dy. Şeý­le­lik­de, to­ru­na ýe­ke gol hem ge­çirt­män fi­na­la çy­kan Ka­ta­ryň ýy­gyn­dy­sy ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek yk­ly­myň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy. Ka­tar­ly­lar yk­ly­myň çem­pi­on­lyk ga­za­nan 9-njy to­pa­ry­dyr. Bu bol­sa, Ka­ta­ryň 2022-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ga­za­nan bu ta­ry­hy üs­tün­ligi ola­ryň şol ýa­ry­şa taý­ýar­lyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Yk­ly­myň iň köp çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan Ýa­po­ni­ýa bol­sa, il­kin­ji ge­zek fi­nal­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. 9 gol ge­çi­ren Al­mo­ez Ali çem­pio­na­tyň iň ne­ti­je­li oýun­çy­sy diý­lip saý­lan­dy.