Möw­sü­miň il­kin­ji “Uly tu­wul­ga­sy” bo­lan “Awst­ra­li­ýa Açyk­da” ge­çen ýy­lyň soň­ky “Uly tu­wul­ga­sy” “Ame­ri­ka Açy­gyň” ýe­ňi­ji­le­ri ýe­ňiş ga­zan­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç bu ýer­dä­ki 7-nji, ze­nan­lar­dan hem ýa­po­ni­ýa­ly Nao­mi Osa­ka “Awst­ra­li­ýa Açyk­da­ky” il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­na my­na­syp bol­dy.

JOKOWIÇ 3-nji ORNA GEÇDI
Mun­dan ozal, 53 ge­zek ga­bat­la­şan No­wak Jo­ko­wi­çe fi­nal­da güýç­li gar­şy­da­şy Ra­fa­el Na­dal­dan üs­tün çyk­mak o di­ýen kyn düş­me­di. Sa­na­wyň 1-nji we 2-nji bel­gi­li ten­nis­çi­le­ri­niň ara­syn­da­ky oýun 2 sa­gat 4 mi­nut­da ta­mam­lan­dy. 6:3, 6:2 we 6:3 ha­sap­lar bi­len Na­da­ly 3:0 ha­sa­byn­da ýe­ňen Jo­ko­wiç kar­ýe­ra­syn­da­ky 24 “Uly tu­wul­ga” fi­na­lyn­da 15-nji ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Bu onuň ATP-niň ýa­ryş­la­ryn­da­ky 73-nji çem­pi­on­ly­gy­dyr. Ga­ly­ber­se-de, Na­da­ly 28-nji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war eden 31 ýaş­ly Jo­ko­wiç Na­dal­dan soň­ky sa­par 2013-nji ýyl­da “Ame­ri­ka Açy­gyň” fi­na­lyn­da ýeň­lip­di. Na­dal bi­len “Uly tu­wul­ga­la­ryň” fi­na­lyn­da 8 ge­zek ga­bat­la­şan Jo­ko­wiç is­pa­ni­ýa­ly ten­nis­çi­ni 4-nji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Şun­luk­da, “Awst­ra­li­ýa Açyk­da” 7-nji (2008, 2011, 2012, 2013, 2015, 2016, 2019) ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan Jo­ko­wiç bu ugur­da Roý Emer­son hem-de Ro­jer Fe­de­rer da­gy bi­len paý­laş­ýan re­kor­dy­nyň hem ýe­ke-täk eýe­si bol­dy. Şeý­le-de “Uly tu­wul­ga­la­ry­nyň” sa­ny­ny 15-e ýe­ti­ren Jo­ko­wiç bu ugur­da Pit Samp­ras­dan öňe saý­lan­dy we 3-nji or­na geç­di. 20 “Uly tu­wul­ga” bi­len Ro­jer Fe­de­rer 1-nji, 17 ku­bok­ly Ra­fa­el Na­dal 2-nji ha­tar­da bar­ýar.
Ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky fi­nal çe­ke­le­şik­li ge­çip, ýa­po­ni­ýa­ly Nao­mi Osa­ka çe­hi­ýa­ly Pet­ra Kwi­to­wa­ny 2:1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 51 mi­nut­lap do­wam eden 1-nji set­de ýe­ňiş taý-brek­den soň, 7:6 ha­sa­byn­da Osa­ka­nyň ta­ra­pyn­da bol­dy. 2-nji set­de-de gar­şy­da­şy­nyň il­kin­ji ur­gu­sy­ny al­ma­gy ba­şa­ran Osa­ka 4:2 öňe saý­lan­sa-da, soň­lu­gy bi­len ti­je­nen Kwi­to­wa 7:5 üs­tün çy­kyp, ha­sa­by deň­le­di. 3-nji set­de-de gar­şy­da­şy­nyň 3-nji il­kin­ji ur­gu­sy­ny al­ma­gy ba­şa­ran Osa­ka 6:4 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Şun­luk­da, 21 ýa­şyn­da­ky ten­nis­çi “Ame­ri­ka Açyk­dan” soň, “Awst­ra­li­ýa Açyk­da-da” ýe­ňi­ji bo­lup, yz­ly-yzy­na 2-nji “Uly tu­wul­ga­sy­ny” ga­zan­dy. Ol umu­my­lyk­da-da WTA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da 3-nji ge­zek çem­pi­on di­ýen ady eýe­le­di.

Il­kin­ji azi­ýa­ly ten­nis­çi
Bu ýa­ryş­dan soň ATP hem-de WTA ten­nis­çi­le­riň tä­ze sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Şo­ňa gö­rä, er­kek­le­riň ara­syn­da No­wak Jo­ko­wiç or­nu­ny sak­la­ma­gy ba­şar­dy. Edil şo­nuň ýa­ly Na­dal hem 2-nji bas­gan­çak­da gal­ma­gy­ny do­wam et­di. Ger­ma­ni­ýa­ly Alek­san­der Zwe­rew dör­dün­ji­lik­den üçün­ji­li­ge beý­ge­len bol­sa, Fe­de­rer 3 bas­gan­çak pe­se­lip, 6-njy or­na düş­di. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da “Awst­ra­li­ýa Açygyň” ýe­ňi­ji­si Nao­mi Osa­ka 1-nji or­na beý­gel­di. Ol mu­ny ba­şa­ran il­kin­ji azi­ýa­ly ten­nis­çi­dir. Fi­nal­çy Pet­ra Kwi­to­wa 6-njy ýer­den 2-nji or­na çyk­dy. Ozal­ky öň­de­ba­ry­jy Si­mo­na Ha­lep bol­sa, 2 bas­gan­çak pe­sel­di.