Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň ilkinji ýaryşy Monakonyň merkezi şäheri Monte Karloda geçirildi. 323,83 kilometrlik ýaryşda soňky çempion, “Citroen Total” toparynyň fransuz piloty Sebastian Ožie ýeňiş gazandy. Ol bellenen aralygy 3 sagat 21 minut 15,9 sekuntda tamamlap, möwsüme ýeňiş bilen başlady. Bu onuň Dünýä Ralli çempionatlaryndaky 45-nji birinjiligidir. Ožieden 2,2 sekunt yza galan “Hyundai Shell Mobis” toparynyň belgiýaly sürüjisi Tierri Noýwill 2-nji, “Toyota Gazoo” toparyndan estoniýaly Ott Tanak 3-nji ýeri eýeledi. Yzly-yzyna 9 çempionlyk gazanyp, 2013-nji ýylda Dünýä Ralli çempionaty bilen hoşlaşan we şu ýyl täzeden dolanan fransiýaly Sebastian Lýob (“Hyundai Shell Mobis”) 4-nji orna mynasyp boldy. Möwsümiň 2-nji bäsleşigi 14–17-nji fewral aralygynda Şwesiýada geçiriler.