Italiýanyň Kubogy ýaryşynda ýarym finalçylar belli boldy. “Milan” öz meýdançasynda “Napolini” täze transferi Kşiştof Pýontegiň gollary bilen 2–0 hasabynda utdy. “Fiorentina” ýurduň güýçli klublaryndan “Romany” 7–1 hasabynda utup, garşydaşyny derbi-dagyn etdi. Ýer eýeleriniň gollaryny Kiesa (7, 18, 74), Muriel (33), Benassi (66) hem-de Simeone (79, 89) derwezä girizdi. Yzly-yzyna 4 ýyldan bäri kubogy gazanyp gelýän “Ýuwentus” esasy düzümi bilen meýdança çykan duşuşygynda myhmançylykda “Atalantadan” 3–0 (Kastanýe 37, Zapata 39, 86) asgyn geldi. Turinliler şu möwsümde Italiýada ilkinji gezek utuldy. “Inter” bolsa, öz meýdançasynda “Lasiony” kabul edip, penaltilerden soň utuldy. Oýnuň esasy wagtynda hasap açylmady. 108-nji minutda Immobile “Lasiony” öňe çykardy. 120+2-nji minutda eminiň bellän penaltisini dürs uran Mauro Ikardi hasaby deňledi. Şondan soň, her topar 5 penalti urup, olarda has şowlulyk (3–4) görkezen rimliler ýarym finalda “Milanyň” garşydaşy boldy. Ýarym finalda “Milan”–“Lasio”, “Fiorentina”–“Atalanta” duşuşar. 1-nji oýunlar 27-nji fewralda, jogap duşuşyklary-da 24-nji aprelde oýnalar.