Ispaniýanyň Şa kubogy bäsleşiginde çärýek finalyň jogap duşuşyklary oýnaldy. 1-nji oýunda 2–0 utulan “Barselona” öz meýdançasynda “Sewilýany” 6–1 hasabynda ýeňmegi başardy. Katalonlaryň pökgülerini Koutinio (13 p, 53), Rakitiç (31), Roberto (54), Suares (89) hem-de Messi (90+2) geçirdi. 1-nji duşuşykda 1–0 utulan “Walensiýa” “Hetafeni” 3–1 ýeňip, ýarym finala çykmagy başardy. 1-nji minutda myhmanlar Molina bilen öňe saýlandy. 60 minutdan soň, “Walensiýa” Rodrigonyň goly bilen hasaby deňledi. 90+2-nji we 90+3-nji minutlarda ýene-de Rodrigo 2 gol geçirip, toparyny ýarym finala çykardy. 1–1 tamamlanan oýnuň jogap duşuşygynda goşmaça wagtdan soň, “Espanýoldan” 3–1 (Le Selso 76, Leon 95, Mandi 99 — Baptistao 33) üstün çykan “Betis” ýarym finalda çykyş eder. Madridde 4–2 ýeňiş gazanan “Real” myhmançylykda-da “Žironany” 3–1 ýeňmegi başardy. Paýtagtlylaryň gollaryny Benzema (27, 43) bilen Llorente (76) derwezä girizdi. Şeýlelikde, ýarym finalda 6-njy we 27-nji fewralda “Barselona” bilen “Real Madrid”, “Betis” bilenem “Walensiýa” duşuşar.
* * *
Portugaliýada Liganyň kubogyna Lissabonyň “Sporting” topary mynasyp boldy. Olar bu ýaryşyň finalynda “Portodan” üstün çykmagy başardy. Oýnuň 79-njy minutynda “Porto” Ardeniň goly bilen öňe saýlandy. Duşuşygyň 90+1-nji minutynda-da VAR-yň kömegi bilen bellenen penaltini Bas Dost dürs urup, hasaby deňledi. Düzgüne laýyklykda, toparlar goşmaça 30 minut oýnamazdan, penalti urgularyny ýerine ýetirdi. Bu urgularda-da 3–1 hasabynda üstünlik gazanan “Sporting” bassyr 2-nji sapar kubogy eýeledi.