Few­ral aýy ýur­du­my­zyň ýa­kyn ta­ry­hy­nda öç­me­jek yz gal­dy­ran hem-de al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan aý­la­ryň bi­ri­dir. Çün­ki, bu aý dün­ýä­niň yk­rar eden Li­de­ri­niň – Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne saý­lan­an aýy­dyr. Bu aý­da­ky şan­ly se­ne ýur­du­my­zyň ýyl­ýaz­gy­syn­da aý­ra­tyn or­ny eýe­läp, 2007-nji ýyl­da, soň­ra 2012-nji we 2017-nji ýyl­lar­da türk­me­nis­tan­ly­la­ryň yk­ba­lyn­da mö­hüm äh­mi­ýet­li se­ne­le­riň bi­ri hök­mün­de öz or­nu­ny al­dy.
Mil­li­on­lar­ça adam­lar kons­ti­tu­si­on hu­kuk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da we gel­je­giň öňün­dä­ki jo­gap­kär­çi­li­gi­ne dü­şü­nip, öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ýö­red­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze öz ses­le­ri­ni be­rip, mil­li Li­de­ri­mi­ze gel­jek ýyl­la­ryň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ni ynan­dy. Bu se­ne­ler­de di­ňe jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy wa­ka­lar däl-de, eý­sem, onuň üs­ti bi­len hal­ky­my­zyň syn­maz bi­te­wü­li­gi, raý­daş­lyk we mil­li Li­de­ri­mi­ziň äh­li baş­lan­gyç­la­ry­na bo­lan uly gol­daw öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­za baş­tu­tan­lyk edip gel­ýän ýyl­la­ry­nyň do­wa­myn­da ägirt uly top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, şol mak­sat­na­ma­lar döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň has-da kuw­wat­lan­ma­gy­na, onuň di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy­nyň has-da go­wu­lan­ma­gy­na gö­nük­di­ril­di. Şu ýer­de kä­bir anyk my­sal­la­ra sal­gy­lan­mak has-da dog­ry bol­sa ge­rek. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­duň ba­şy­na ge­çen il­kin­ji ýyl­la­ryn­da Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy iş­le­nip dü­zül­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de döw­re­bap se­na­gat des­ga­la­ry gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­di.
“Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýaşa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li mak­sat­na­masyna” la­ýyk­lyk­da, 2008-2018-nji ýyl­lar­da we­la­ýat­lar­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 870 müň ine­dör­dül met­re go­la­ýy ulan­ma­ga be­ril­di, tä­ze has­sa­ha­na­la­ryň 67-si gu­rul­dy hem-de bar bo­lan­la­ry döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy, Sag­lyk öý­le­ri­niň 140-sy, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň 258-si, or­ta mek­dep­le­riň 237-si, Me­de­ni­ýet öý­le­ri­niň 75-si, sport mek­dep­le­ri­niň 115-si gu­rul­dy, sport des­ga­la­ry­nyň tä­ze­le­ri­niň 73-si ulan­ma­ga be­ril­di we bar bolanlaryň dur­ky tä­ze­len­di. Suw ge­çi­ri­ji ul­gam­la­rynyň 9 müň 640 ki­lo­met­ri, aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň 4 müň 671 ki­lo­met­ri, gaz ge­çi­ri­ji­le­ri­niň 13 müň 520 ki­lo­met­ri, elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­la­rynyň 13 müň 59 ki­lo­met­ri, ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň 27 müň 681 ki­lo­metr­den gow­ra­gy çe­kil­di, dür­li göw­rüm­dä­ki suw aras­sa­laý­jy des­ga­la­ryň 18-si gu­rul­dy.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň iri şä­her­le­ri­ni, şol san­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dy, şeý­le hem “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny ha­sa­ba al­ma­nyň­da, Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da dur­muş we me­de­ni mak­sat­ly des­ga­la­ryň 73-si­niň, suw aras­sa­laý­jy des­ga­la­ryň 32-si­niň, in­že­ner kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry­nyň 2,6 müň ki­lo­metr­den gow­ra­gy­nyň, umu­my meý­da­ny 208,8 müň ine­dör­dül met­re ba­ra­bar bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ata Wa­ta­ny­my­zy ös­dür­mek, hal­ky­my­zy bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şat­mak ba­ra­da alyp bar­ýan bi­möç­ber ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, gö­zü­mi­ziň al­nyn­da we tu­tuş dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň na­za­ryn­da ägirt uly me­ýil­na­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

2008-2018-nji ýyl­lar­da we­la­ýat­lar­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 870 müň ine­dör­dül met­re go­la­ýy ulan­ma­ga be­ril­di, tä­ze has­sa­ha­na­la­ryň 67-si gu­rul­dy hem-de bar bo­lan­la­ry döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy, Sag­lyk öý­le­ri­niň 140-sy, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň bi­na­la­ry­nyň 258-si, or­ta mek­dep­le­riň 237-si, Me­de­ni­ýet öý­le­ri­niň 75-si, sport mek­dep­le­ri­niň 115-si gu­rul­dy, sport des­ga­la­ry­nyň tä­ze­le­ri­niň 73-si ulan­ma­ga be­ril­di we bar bolanlaryň dur­ky tä­ze­len­di.

2018-nji ýyl­da je­mi içer­ki önü­miň gör­ke­zi­ji­si­ 6,2 gö­te­rim ösüş de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ri­len önüm­le­riň möç­be­ri ABŞ-nyň 11 mil­liard 200 mil­li­on dol­la­ryn­dan hem geç­di. Zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň we döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň möç­be­ri art­dy­ryl­dy. Umu­my ba­ha­sy ABŞ-nyň 10 mil­liard dol­la­ry­na go­laý bo­lan 1 müň 704 des­ga gu­rul­dy we ulan­ma­ga be­ril­di.

“Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­ly­nyň il­kin­ji aý­la­ryn­da mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy” tas­syk­lan­dy. Bu ýe­di­ýyl­lyk mak­sat­na­ma ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň tä­ze döw­rü­ne ga­dam ba­sy­lan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy.