Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz hem-de myhman hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň, şol sanda 2017-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana bolan resmi sapary mahalynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdiler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda güýje giren şertnama bellenilen ähli meýilnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin esas, olaryň binýady bolmaga gönükdirilendir. Şol şertnama dürli ugurlarda – syýasy ulgamda, däp bolan söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary depginli ösdürmekde netijeli özara hereket etmäge giň mümkinçilikleri açýar.
Bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara topara iki döwletiň köptaraply mümkinçiligini amala aşyrmakda ähmiýetli orun berilýär. Bu toparyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň birinji çärýeginde geçirmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, nebitgaz toplumynda mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň meselelerini hem duşuşygyň gün tertibine girizmek meýilleşdirilýär. Bu ulgam uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan dünýä derejesindäki bu iki döwlet üçin strategiki ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz türkmen-rus gatnaşyklarynda gaz meselesine täze, geljege gönükdirilen iri möçberli ylalaşyklaryň nazara alnyp garalýandygyna kanagatlanma bildirdi.
Şunuň bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, Türkmenistanyň örän möhüm orna eýe bolmagyndaky Merkezi Aziýanyň elektroenergetika ulgamyny hem-de 2025-nji ýyla çenli Ýewraziýa ykdysady birleşiginde kemala getiriljek umumy elektroenergetika bazaryny baglanyşdyrmak boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmek baradaky meselä ünsi çekip, geçen ýyl geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň ähmiýetini nygtadylar. Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekilmegi şol maslahatyň möhüm netijesi boldy. Munuň özi kenarýaka ýurtlaryň özara gatnaşygynyň taryhynda täze sahypanyň açylandygyny aňlatdy.
Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistan taryhda ilkinji gezek Hazar ykdysady forumyny geçirer hem-de Hazarýaka döwletleriniň Liderleriniň nobatdaky, VI sammiti şu ýerde, Türkmenistanda geçiriler. Umuman, biziň hyzmatdaşlyk etmäge, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyga oňat esaslarymyz bar diýip, Sergeý Lawrow aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
***
Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň baştutanlygyndaky Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine döwletara türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm meseleleri, esasy ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi bilen bagly meseleler girizildi.
Sebit we halkara meseleleri barada hem gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şeýle hem taraplar daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary berkitmek, netijeliligini görkezen Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri geçirmek işini dowam etmek barada bir pikire geldiler. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019–2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasyna gol çekildi. Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda hem çykyş etdi.