Paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň gu­ra­ma­gyn­da hal­ka­ra me­dia­fo­rum ge­çi­ril­di. Ol şu ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da bol­jak bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na ba­gyş­lan­dy. Du­şu­şy­ga Azer­baý­ja­nyň, Eý­ra­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Rus­si­ýa­nyň dün­ýä bel­li iri ha­bar­lar agent­lik­le­ri­niň, te­le­ýaý­lym­la­ry­nyň, ga­zet­le­ri­niň hem-de žur­nal­la­ry­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler hem-de gu­ral­ýan çä­re­ler ba­ra­da žur­na­list­le­re gür­rüň ber­mek üçin mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry we esa­sy hü­när­men­le­ri ça­gy­ryl­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ny ýur­du­myz­da ge­çir­mek baş­lan­gy­jy­ny hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­tin­de öňe sür­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pi­ki­ri­ne gö­rä, bu fo­rum hö­kü­met­le­riň, işe­wür we aka­de­mi­ki to­par­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň giň­den gat­naş­ma­gyn­da köp­ta­rap­ly gat­na­şyk­lar üçin he­mi­şe­lik he­re­ket ed­ýän çä­rä öw­rül­me­li­dir we ony Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň her bi­rin­de ge­zek­li-ge­ze­gi­ne yzy­gi­der­li esas­da ge­çir­mek ze­rur­dyr.
Me­dia­fo­rum bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne we gel­jek­ki ugur­la­ry­na ba­gyş­la­nan wi­deo­film­den baş­lan­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu çä­re 2018-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da gol çe­ki­len Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa la­ýyk­lyk­da, Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň tä­ze ta­ry­hyn­da mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ryň ba­şy­ny baş­la­dy. Bu esa­sy res­mi­na­ma ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň köp­ýyl­lyk gep­le­şik­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ni özün­de jem­le­mek bi­len, Ha­zar deň­zi­niň çä­gin­de tä­ze ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
Öň­de bol­jak yk­dy­sa­dy fo­ru­myň gün ter­ti­bi giň me­se­le­ler top­lu­my­ny öz içi­ne al­ýar. Olar fo­ru­ma gat­na­şy­jy döw­let­le­riň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi üçin esas bo­lup hyz­mat eder. Söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek, şol san­da iri hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak we dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek ýa­ly wa­jyp ugur­lar bo­ýun­ça me­se­le­le­ri gün ter­ti­bi­ne gi­riz­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Fo­ru­myň çäk­le­rin­de Ha­zar se­bi­ti­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­lu­mu­my möç­ber­de eýe­le­ýän or­ny, se­na­gat, ener­ge­ti­ka, söw­da, sy­ýa­hat­çy­lyk ýa­ly Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň halk ho­ja­ly­gy üçin öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän ugur­la­ra ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek iş­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my V sam­mi­tiň jem­le­ri bo­ýun­ça gol çe­ki­len Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň hö­kü­met­le­ri­niň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk we ulag ul­ga­myn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry ha­kyn­da­ky Yla­la­şyk­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­la­ryň bol­jak­dy­gy gür­rüň­siz­dir. Fo­ru­myň çäk­le­rin­de esa­sy çä­re­ler bi­len bir ha­tar­da, hal­ka­ra mas­la­hat we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça ser­gi gu­ra­lar. Döw­let­le­riň, işe­wür to­par­la­ryň we kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri­niň du­şu­şyk­la­ry we gep­le­şik­le­ri üçin oňyn şert­le­ri dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.