Gojaman Hazar deňziniň kenaryndaky Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň merkezinde baýramçylyk öwüşginli dabara boldy. Bu ýerde 2018-nji ýylda ýurdumyzyň etraplarynyň arasynda guralan bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilen Esenguly etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy. Bu ýerde guralan dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular hem-de etrabyň köp sanly ilaty gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp, 1-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň iň gowy görkezijilere eýe bolan etraby yglan edildi. Hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Esenguly etrabynyň häkimligine Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden ABŞ-nyň 1 million dollary möçberdäki pul baýragy bölünip berildi.
Her ýylda geçirilýän bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, sebitleri ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, bugdaýy, pagtany hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerini ýygnap almak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegi, şeýle hem ilatyň iş bilen üpjünçiligi, medeni dynç alşy, adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegi ýaly görkezijiler esas edilip alynýar.
Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy, sebitlerde türkmenistanlylaryň durmuşy we döredijilikli zähmeti üçin has oňaýly şertleri esasy ugur edinýän häzirki zaman durmuş-ykdysady düzüminiň döredilmegi ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Esenguly etrabynda maýa goýum taslamalarynyň çäklerinde häkimligiň täze döwrebap binasy, haly fabrigi, Medeniýet öýi, sanly telefon ulgamynyň binasy, deňiz suwuny süýjediji desga, söwda merkezi, kottej görnüşdäki ýaşaýyş jaýlary guruldy. Häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Saglyk öýi, köpugurly hassahana, multimedia enjamlary bilen ornaşdyrylan mekdep, çagalar bagy, bedenterbiýe-sagaldyş toplumy açyldy. 2016-njy ýylda Esenguly şäherçesi şäher derejesine eýe boldy. Orta mekdepler, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary, lukmançylyk edaralary, sport desgalary ýaly häzirki zaman ölçeglerine kybap gelýän durmuş maksatly binalaryň bu oba hojalyk we senagat ähmiýetli etrabyň beýleki ýerlerinde hem gurlup, ulanylmaga berilýändigini bellemeli.
Etrabyň çäklerinde Keýmir, Günorta Gamyşlyja, Körpeje, Akpatlawuk, Ekerem, Şatut, Nebitlije ýaly iri nebitgaz känleri işlenip taýýarlanylýar we täze geljegi uly bolan uglewodorod ýataklaryny gözlemek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň günorta-günbataryndan alynýan “gara altyn” Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna Körpeje – Balkanabat ulgamlaýyn nebit geçiriji hem-de Ekeremden deňiz tankerleri arkaly ugradylýar.