Dün­ýä­niň iri aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­la­ry gib­rid hem-de do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän mo­del­le­ri­niň sa­ny­ny art­dyr­mak bilen di­zel he­re­ket­len­di­ri­ji­li ulag­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni azald­ýar­lar. Ýa­pon aw­tou­lag ägir­di “Toyo­ta” bol­sa, di­zel aw­tou­lag­la­ry­nyň sa­tu­wy­ny kä­bir ýurt­da düý­bün­den ýa­tyr­dy. Bir­nä­çe şä­her­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mak­sa­tly di­zel ýan­gyç­ly ulag­lar bi­len bag­ly tä­ze çäk­len­dir­me­ler we düz­gün­ler gi­ri­zil­di. Bu stan­dart­lar örän ýo­ka­ry bo­lan­soň, kom­pa­ni­ýa­lar hem onuň önüm­çi­li­gi­ni azalt­ma­ly bol­ýar­lar. My­sal üçin, Ger­ma­ni­ýa­nyň Gam­burg şä­he­rin­de “Euro5” we on­dan has kö­ne he­re­ket­len­di­ri­ji­li ulag­lar ga­da­gan edil­di. Gol­lan­di­ýa bol­sa, 2030-njy ýyl­dan baş­lap, ben­zin we di­zel he­re­ket­len­di­ri­ji­li ulag­la­ry do­ly ýa­tyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Köp ýurt­da elekt­ro­mo­bil­ler üçin birnäçe ýeňillik döredilýär.
Ýa­pon bren­di gib­rid ulag­la­ryň sa­tu­wyn­da soň­ky ýyl­lar­da uly öňe­gi­diş­lik ga­zan­dy. Ge­çen ýyl “Toyo­ta C-HR” ula­gyn­dan 202 müň 289 sa­ny­sy sa­ty­lyp, dün­ýä­de iň köp sa­ty­lan gib­rid he­re­ket­len­di­ri­ji­li mo­del bol­dy. Ýa­pon bren­di­niň 39 gib­rid mo­de­li bar. 2016-njy ýyl­da ön­dü­ri­lip baş­la­nan ula­ga iň köp Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da is­leg bil­di­ril­ýär. “Toyo­ta” hä­zi­re çen­li dün­ýä­niň 90 ýur­dun­da şeý­le ulag­la­ryň 13 mil­li­on­dan gow­ra­gy­ny sat­dy. Il­kin­ji ge­zek 1970-nji ýyl­lar­da al­ter­na­tiw ýan­gyç­ly ulag­la­ry kä­mil­leş­di­rip baş­lan ýa­pon bren­di il­kin­ji gib­rid ula­gy­ “Prius”-y 1997-nji ýyl­da sa­tu­wa çy­kar­ypdy.