Awtoulag önümçiliginde iş alyp barýan “Renault”-“Nissan”-“Mitsubishi” kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy geçen ýyl jemi 10 million 756 müň 875 ulag satdy. Satuwyň mukdary ozalky ýyla garanyňda, 1,4 göterim ýokarlandy. Geçen ýyl öndürilen her 9 awtoulagyň biri bu kompaniýalaryň önümidir. “Nissan” 5 million 653 müň 683 ulag ýerläp, hyzmatdaşlygyň iň köp maşyn satan brendi boldy. Kompaniýalar hyzmatdaşlygyna degişli brendleriň ulaglary iň köp hytaý, amerikan, fransuz we ýapon bazarynda satylypdyr. 1999-njy ýylda döredilen hyzmatdaşlyga 10 kompaniýa degişli.