Ang­li­ýa­nyň goz­gal­ma­ýan em­läk pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan “Savills” şe­re­ke­ti teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da dün­ýä­niň ösen şä­her­le­ri­niň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. “World’s Best Tech Cities” at­ly bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri sa­na­wyň ba­şy­ny çek­ýän Si­li­kon jül­ge­si­ni hem öz içi­ne al­ýan San-Fran­sis­ko ikin­ji­ orna dü­şüp­dir. Onuň ýe­ri­ne Nýu-Ýork şä­he­ri ge­çip­dir. Si­li­kon jül­ge­si teh­no­lo­gi­ýa­nyň iň ösen mer­ke­zi ha­sap­la­nyp, ol ýer­de dün­ýä­niň ösen kom­pa­ni­ýa­la­ry in­no­wa­si­on bar­lag­la­ry ge­çir­ýär. Sa­na­wyň üçün­ji­ orny Ang­li­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­do­nyň pa­ýy­na dü­şüp­dir. Ni­der­land­la­ryň paý­tag­ty Ams­ter­dam dör­dün­ji, ABŞ-nyň Bos­ton şä­he­ri bä­şin­ji bo­lup­dyr. Sa­na­wyň il­kin­ji on­lu­gy­nyň soň­ky bäş­li­gi­ni Sin­ga­pur, Los-An­je­les, Os­tin, Stok­golm we Ko­pen­ga­gen eýeleýär.