Welosipedli barýan mahalyňyz şemal yzyňyzdan öwüsýän bolsa, bu size uly kömek bolar. Sebäbi siz ýeliň güýjünden peýdalanarsyňyz. “CycleWing” atly enjam edil ýelken şekilli bolup, welosipedçileriň şemaldan peýdalanmaklary üçin işlenip düzülipdir. Bu ýelken kompýuter inženeri Jorge Pando we maşyn-gurluşyk inženeri Rathan Rose tarapyndan taýýarlanypdyr. “CycleWing” şäher ýollarynda däl-de, uzak aralygy welosipedli geçýänlere niýetlenipdir. Ony gerek däl wagty ýygnap bolýar. Dakmak üçin bolsa, birnäçe minut ýeterlik. “CycleWing”-i dakylgy mahaly ýörite düwme arkaly saga we çepe öwrüp bolýar. Şeýlelikde, ýelden has netijeli peýdalanmak mümkin. Ýelken batareýa arkaly dolandyrylyp, onuň şekili görkezýän ekranjygy hem bar. Häzirki wagtda önümçiligi doly taýýar edilmedik nusgalyk enjamyň agramynyň 6,8 kilogramdan az boljakdygy aýdylýar.