31-nji ýan­war­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Sap­po­ro şä­he­rin­de 1950-nji ýyl­dan bä­ri her ýylda ge­çi­ril­ýän “Ýu­ki ma­su­ri” at­ly gar fes­ti­wa­ly açyldy. Iki hep­de­läp şä­her tä­sin­lik­le­re bes­le­nip, ol ýer­de ne­pis­lik bi­len sün­nä­le­nip ýa­sa­lan buz köşk­le­ri, dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­dä­ki yba­dat­ha­na­la­ryň, wok­zal­la­ryň, ta­ry­hy bi­na­la­ry­ň nus­ga­la­ry­ny, er­te­ki­ler­dä­ki we meş­hur ýa­pon mult­film­le­ri­niň gah­ry­man­la­ry­nyň gar­dan edi­len heý­kel­le­ri­ni, şeý­le hem dün­ýä bel­li akt­ýor­la­ryň we tür­gen­le­riň buz heý­kel­le­ri­ni syn­lap bol­ýar. 70-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän bu çä­rä dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan ze­hin­li heý­kel­ta­raş­lar ge­lip, öz ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Ola­ryň buz­dan we gar­dan ýa­san heý­kel­le­ri­niň kä­bi­ri­niň be­ýik­li­gi 25 met­re ýet­ýär. Has uly heý­kel­ler, dün­ýä bel­li bi­na­la­ryň nus­ga­la­ry me­tal­dan edi­len kar­kas­la­ryň ýar­da­my bi­len dö­re­dil­ýär. Gar­dan edi­len keşp­le­ri syn­la­mak üçin dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan her ýylda 2 mil­li­on­dan gow­rak adam gel­ýär.