5-nji few­ral­da hy­taý mil­li se­ne­na­ma­sy­na gö­rä, it ýy­ly ta­mam­la­nyp, do­ňuz ýy­ly baş­lan­dy. Bu baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li ýurt­da dabaraly baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri ge­çi­ril­di. Ýurt­da Tä­ze ýyl bi­len bir ha­tar­da, Ba­har baý­ra­my we beý­le­ki mil­li baý­ram­lar Aý se­ne­na­ma­sy­na gö­rä bel­le­nil­ýär. Şol se­bäp­li onuň wag­ty her ýyl üýt­ge­ýär. 354 gün­läp dowam etjek do­ňuz ýy­ly in­di­ki ýy­lyň 24-nji ýan­wa­ryn­da ta­mam­la­nar. Hy­taý Tä­ze ýy­ly we onuň yz­ýa­ny baş­la­ýan Ba­har baý­ra­my­ny Ma­laý­zi­ýa, In­do­ne­zi­ýa, Tai­land, Sin­ga­pur, Fi­lip­pin­ler we Ýa­po­ni­ýa ýa­ly beý­le­ki Azi­ýa ýurt­la­ry hem giň­den bel­le­ýär. Bu baý­ram­çy­lyk Aýyň he­re­ke­ti­ne gö­rä ha­sap­la­nyp, ýan­war ýa-da few­ral aýy­na gabat gelýär.