ABŞ-da iň uly sport baý­ram­çy­ly­gy ha­sap­lan­ýan Mil­li ame­ri­kan fut­bo­ly li­ga­sy­nyň fi­na­ly “Su­per Bowl” du­şu­şy­gyn­da “Nýu Ing­land Pat­riots” (Bos­ton) to­pa­ry ýe­ňiş ga­zan­dy. Jor­jia şta­ty­nyň At­lan­ta şä­he­rin­dä­ki “Mercedes Benz” sta­dio­nyn­da oý­na­lan 53-nji “Su­per Bowl” du­şu­şy­gyn­da “Nýu Ing­land Pat­riots” bi­len “Los An­je­les Rems” to­par­la­ry du­şuş­dy. 70081 jan­kö­ýe­riň to­ma­şa eden du­şu­şy­gy­nyň 1-nji çär­ýe­gin­de ha­sap açyl­ma­dy. 2-nji çär­ýe­gin­de bos­ton­ly­lar 3 utuk öňe saý­lan­dy­lar. 3-nji çär­ýek­de Los An­je­les şä­he­ri­niň we­ki­li ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. 4-nji çär­ýek­de-de 10 utuk ga­za­nan “Nýu Ing­land Pat­riots” 16:3 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Şeý­le­lik­de, “Nýu Ing­land Pat­riots” soň­ky 5 ýyl­da 3-nji, umu­my­lyk­da 6-njy ge­zek çem­pi­on boldy. Olar hä­zir­ki wagt­da “Su­per Bow­ly” iň köp eýe­län iki to­pa­ryň bi­ridir. Beý­le­ki­si-de “Pitts­burg Sti­lers” to­pa­ry­dyr. “Nýu Ing­land Pat­riots” çem­pi­on­lyk­la­ry­nyň al­ty­sy­ny-da soň­ky 18 ýyl­da ga­za­nan­dy­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Te­le­ýaý­lym ar­ka­ly 98,2 mil­li­on to­ma­şa­çy­nyň syn eden du­şu­şy­gy­nyň iň ök­de oýun­çy­sy diý­lip, ýe­ňiş ga­za­nan to­par­dan Ju­li­an Edel­man saý­lan­dy. Umu­my­lyk­da, ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne 15 mil­liard dol­la­ra go­laý gir­de­ji ge­ti­ren “Su­per Bowl” fi­na­ly­nyň şu ge­zek­ki­si soň­ky 10 ýyl­da iň az to­ma­şa edi­len fi­nal diý­lip ha­sa­ba alyn­dy.