Mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli dessurymyzdyr” diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda 8-nji mart – Halkara zenanlar güni döwlet derejesinde uludan bellenip geçilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, baýramçylyk çäreleri, konsertler, sergiler hem-de köpçülikleýin medeni çäreler geçirildi.
Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli hem dabara geçirildi. Onuň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, sekiz we ondan-da köp çaga dogran hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak, şeýle hem köp çagaly maşgalalara döwrebap öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar häzirki döwürde zenanlaryň hökümetde, döwlet düzümlerinde, jemgyýetçilik guramalarynda ýokary wezipeleri eýeleýändigini nygtadylar. Şeýle hem olar ýurdumyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda mundan beýläk-de zenanlaryň zehinlerini we ukyplaryny doly durmuşa geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler dörediler. Köp çagaly maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, döwletimiziň esasy aladasyna öwrüler. Halkara zenanlar güni mynasybetli ähli amatlyklary özünde jemleýän täze öýleriň açarlarynyň köp çagaly maşgalalaryň nobatdaky tapgyryna gowşurylmagy olaryň baýramçylyk şatlyklaryny has-da belende göterdi.
Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” diýen hormatly ada zenanlaryň iki ýüzden gowragy mynasyp boldy.
Ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, guramalarda we eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalarda zenanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul baýraklaryny gowşurmak dabarasy boldy. Asylly däbe görä, bu sowgatlar gelin-gyzlaryň hemmesine, şol sanda talyp, okuwçy gyzlara, çagalar baglarynda terbiýelenilýän gyzjagazlara hem berilýär.
Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Watanymyzyň zenanlarynyň hormatyna sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Onda Watan, öý-ojagyň, maşgalanyň bahasyz gymmatlyklarynyň waspy ýetirildi. Watansöýüjilik ruhunda ýerine ýetirilen çykyşlarda zenanlaryň hormaty ajaýyp sena öwrüldi.