Paý­tag­ty­my­zyň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň “Türk­me­nis­tan­da oba ho­ja­ly­gy­ny we oba­ny mun­dan beý­läk-de dur­nuk­ly ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­mek – SARD III” tas­la­ma­sy­nyň Ýol­baş­çy ko­mi­te­ti­niň bä­şin­ji iş du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­ga bi­ziň ýur­du­myz­dan we ÝB-den Tas­la­ma­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, Da­şa­ry iş­ler, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­lik­le­ri­niň, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.SARD III tas­la­ma­sy oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da te­le­ke­çi­li­giň hö­wes­len­di­ril­me­gi­ne, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­ny­lan Türk­me­nis­ta­ny 2019 – 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­niň we öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ge­çen ýy­lyň se­kiz aýyn­da tas­la­ma­ny ama­la aşyr­mak­da ýe­ti­len sep­git­ler, 2019-njy ýy­lyň 1-nji ýa­ry­my­na me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň bar­şy ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de hal­ka­ra bi­ler­men­ler oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­re ýar­dam ber­di­ler, şol san­da ýur­du­my­zyň mal­dar­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry­na kö­mek et­mek mak­sa­dy bi­len, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa hem-de Ni­der­land­la­ra ta­nyş­lyk iş sa­par­la­ry gu­ral­dy.
Oba­se­na­gat top­lu­myn­da iş alyp bar­ýan ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň ara­syn­da top­la­ny­lan hal­ka­ra tej­ri­be­si­ni giň­den ýaý­rat­mak mak­sa­dy bi­len, ba­lyk­çy­lyk, süýt önüm­çi­li­gi, al­ma agaç­la­ry­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni eks­port et­mek bo­ýun­ça teh­ni­ki gol­lan­ma­lar taý­ýar­la­nyl­dy. Ýa­kyn wagt­da bu gol­lan­ma­lar tas­la­ma­nyň www.sard3tm.org. web – sa­hy­pasyn­da ýer­leş­di­ri­ler.
Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan oba­se­na­gat top­lu­my­nyň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­re la­ýyk gel­ýän SARD III tas­la­ma­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da ka­bul edi­len ül­ňü­le­re ge­çi­ril­me­gi­ni çalt­lan­dyr­ma­ga ýar­dam eden­di­gi­ni hem-de gel­jek­de ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni eks­port et­me­giň möç­ber­le­ri­ni düýp­li art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­di­ler.