AFK Kubogy ýaryşynyň pleý-off tapgyrynda “Ahal” öz meýdançasynda Täjigistanyň “Hujand” toparyny kabul etdi. “Aşgabat” köpugurly stadionda oýnalan oýna 18100 janköýer gatnaşdy. Duşuşyga hindistanly Şrikrişna Koimbatore Ramaswam eminlik etdi. Çekeleşikli geçen oýun 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy.
Oýnuň 16-njy minutynda goragçylarymyzyň ýalňyşlygyndan hem-de derwezeçiniň öňe çykmagyndan ýerlikli peýdalanan Jahongir Ergaşew derwezeçiniň üstünden topy tora ýollamagy başardy. Ýöne ildeşlerimiziň bu gola jogaby gaty gijikmedi. Duşuşygyň 29-njy minutynda Döwran Orazalyýewiň kelle bilen beren pasyndan soň, Didar Durdyýew batly urgy bilen hasaby deňlemegiň hötdesinden geldi. Şondan soň, 1-nji ýarymyň galan minutlarynda hem-de 2-nji ýarymda toparlar amatly pursatlar döretselerem, olaryň ikisine-de hasaby üýtgetmek başartmady. Aýratynam türkmen futbolçylary birnäçe amatly pursatlardan peýdalanyp bilmediler. Netijede, duşuşyk 1–1 hasabynda tamamlandy. Tapgyryň ýeňijisi 13-nji martda oýnaljak jogap duşuşygynda belli bolar. Duşuşyk Hujand şäherindäki “Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy” stadionynda oýnalar. Ýeňiş gazanan topar toparçalaýyn ýaryşda “Altyn asyr”, “Istiklol” hem-de “Dordoý” klublarynyň bäsdeşi bolar. Ozal hem habar berlişi ýaly, “Ahal” geçen möwsümde-de “Hujand” bilen duşuşyp, paýtagtymyzdaky oýunda 1–0, myhmançylykda-da 2–0 ýeňipdi.