Fran­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 1 oý­ny kem 17 utuk öň­de bar­ýan we çem­pi­on­ly­gy­na gün sa­na­ýan PSŽ-niň di­ýe­ni Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da şo­wu­na bo­lu­be­re­nok. To­pa­ryň ka­tar­ly eýe­le­ri­ni “Li­gue 1”-dä­ki yz­ly-yzy­na ga­za­nyl­ýan çem­pi­on­lyk­lar ka­na­gat­lan­dy­rma­ýar. To­pa­ryň ýol­baş­çy­la­ry Ýew­ro­ku­bok­lar­da ýe­ňiş ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len tä­lim­çi ba­ry­ny hem ça­lyş­ýar. Ýö­ne hä­zir­lik­çe UEFA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da ola­ryň di­ýe­ni bo­la­nok. As­lyn­da, PSŽ Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň utu­lan-çyk­dy tap­gy­ry­nyň 1-nji du­şu­şy­kla­ryn­da diý­seň şow­ly oýun gör­kez­ýär. Em­ma bu jo­gap oý­ny üçin ýe­ter­lik bol­ma­ýar. My­sal üçin, 2014-nji ýyl­da “Çel­si­ni” 3–1 utup, myh­man­çy­lyk­da 2–0 utul­ýar. Olar 2017-nji ýyl­da Par­iž­de 4–0 utup, myh­man­çy­lyk­da-da “Bar­se­lo­na­dan” 6–1 ýe­ňil­ýär. Bu fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da­ky iň uly yza gaý­dyş wa­ka­sy­ hök­mün­de bel­li­ge alyn­ýar. Bu ge­zek hem PSŽ myh­man­çy­lyk­da “Man­çes­ter Ýu­naý­te­di” 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, çär­ýek fi­na­lyň bo­sa­ga­syn­dan il­kin­ji ädi­mi­ni ädip­di. Em­ma edil aýa­gyn­dan çe­ki­len ýa­ly, PSŽ-niň­ki ýe­ne-de bol­ma­dy. Ýogsam, “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” esa­sy dü­zü­miniň Pog­ba, Lin­gard, Ma­ta, Ma­tiç, Wa­len­si­ýa, Jons… ýa­ly 10 oýun­çy­sy­ny şi­kes­li we je­ri­me­si se­bäp­li Pa­ri­že alyp hem gaýt­ma­dy. Eý­ýäm oý­nuň 2-nji mi­nu­tyn­da ün­sü­ni jem­läp ýe­tiş­me­dik go­rag­çy­la­ryň ýal­ňyş­ly­gyn­dan peý­da­la­nan Ro­me­lu Lu­ka­ku der­we­ze­çi Buf­fo­ny-da ge­çip ha­sa­by aç­dy. Şon­dan soň PSŽ oý­nuň jy­la­wy­ny ele alyp, 12-nji mi­nut­da ha­sa­by deň­le­di. Bu go­ly Mbap­pe­niň pa­syn­dan soň, Hu­an Ber­nat öz ady­na ýaz­dyr­dy. Bu onuň şu möw­süm­de Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky 3-nji go­ly bol­dy. Du­şu­şy­gyň 30-njy mi­nu­tyn­da Reş­for­dyň uzak­dan uran to­pu­ny Buf­fon sak­lap bil­me­di. Pur­sat­dan peý­da­la­nan Ro­me­lu Lu­ka­ku ýe­ne-de man­ku­ni­an­la­ry öňe saý­la­dy. Oý­nuň 1-nji ýa­ry­my şu ha­sap bi­len ta­mam­lan­dy. Bu ha­sap pa­riž­li­le­re çär­ýek fi­na­la çyk­mak üçin ýe­ter­lik­di. Em­ma du­şu­şy­gyň 90+2-nji mi­nu­tyn­da je­ri­me meý­dan­ça­nyň için­de top Kim­pem­bä­niň (1-nji oýun­da ta­pa­wut­la­nyp­dy) eli­ne deg­di. VAR-yň kö­me­gi bi­len emin Da­mir Sko­mi­na ak no­ka­dy gör­kez­di. Şol pe­nal­ti­ni-de Mar­kus Reş­ford dürs urup, oý­na soň­ky no­ka­dy goý­dy. Şeý­le­lik­de, PSŽ to­pa­ry­na ga­ra­nyň­da, has köp çar­şen­bä­ni baş­dan ge­çi­ren “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ta­ry­hyn­da 1-nji oýun­da öz meý­dan­ça­syn­da 2–0 utu­lyp, jo­gap du­şu­şy­gyn­dan soň, in­di­ki tap­gy­ra çy­kan il­kin­ji klub bol­dy. “Ýu­naý­ted” to­pa­ry 4 ýyl­dan soň, çär­ýek fi­na­la ady­ny ýaz­dyr­dy. PSŽ bol­sa, bas­syr 3-nji ýo­la 1/8 fi­nal­dan yzy­na gaýt­dy.
MYHMANÇYLYKDAKY ÝEŇIŞLER HEM
ÝETERLIK BOLMAÝAR
Şun­luk­da, UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň 1/8 fi­na­ly­nyň 4 du­şu­şy­gy ta­mam­la­nyp, 2 iň­lis (“Man­çes­ter Ýu­naý­ted”, “Tot­ten­ham”), 1 gol­land (“Aýaks”) we 1 por­tu­gal (“Por­to”) to­pa­ry çär­ýek fi­nal­çy bol­dy. Şu ýer­de ýe­ne bir za­dy bel­le­sek, ol hem 1-nji oýun­lar­da, üs­te­si­ne-de myh­man­çy­lyk­da ga­za­ny­lan ýe­ňiş­le­riň jo­gap du­şu­şyk­la­ryn­da o di­ýen äh­mi­ýe­ti ýok di­ýsek, öte geç­di­gi­miz bol­maz. Şol nuk­daý­na­zar­dan, “At­le­ti­ko­dyr” “Man­çes­ter Si­ti­niň” hem jo­gap oýun­la­ryn­da has hüş­gär he­re­ket et­jek­dik­le­ri­ni hä­zir­den aýt­sa bo­lar.